Düýn — 19-njy iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Ozal habar berlişi ýaly, 18-nji iýunda Malaýziýanyň Premýer-ministriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet ýurdumyza resmi sapar bilen geldi.
Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahimiň ýurdumyza amala aşyrýan bu sapary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 2024-nji ýylyň dekabrynda dostlukly ýurda amala aşyran taryhy resmi saparynyň netijelerini has-da pugtalandyrmaga, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy hil taýdan täze, strategik sepgide çykarmaga gönükdirilendir.
...Ir bilen Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahim paýtagtymyzdaky Garaşsyzlyk binasyna gül dessesini goýdy. Asylly däbe görä, Premýer-ministr iki döwletiň we olaryň dostlukly halklarynyň arasyndaky mizemez dostlugyň nyşany hökmünde Hormatly myhmanlar seýilbagynda bag nahalyny oturtdy.
Soňra Malaýziýanyň Premýer-ministri Türkmenistanyň Prezidentiniň «Oguz han» köşkler toplumyna geldi. Bu ýerde Premýer-ministr Anwar Ibrahimi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mähirli garşylady. Soňra hormatly myhmany resmi garşylamak dabarasy geçirildi.
Döwlet Baştutanymyz Malaýziýanyň Premýer-ministrini ýurdumyzyň Hökümet wekiliýetiniň agzalary, Premýer-ministr Anwar Ibrahim bolsa hormatly Prezidentimizi Malaýziýanyň Hökümet wekiliýetiniň agzalary bilen tanyşdyrýar. Wekiliýet Baştutanlarynyň iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde resmi surata düşmek dabarasyndan soňra, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi.
Hormatly Prezidentimiz ýurtlarymyzyň diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlan wagtyndan bäri ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmekde uly ýoly geçendiklerine ünsi çekdi. Nygtalyşy ýaly, iki döwletiň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda netijeli hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. Türkmenistan hem-de Malaýziýa iri halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäginde üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler we birek-birege goldaw berýärler.
Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk türkmen-malaý gatnaşyklarynyň möhüm ugry bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Malaýziýanyň iri kompaniýalarynyň biri bolan «PETRONAS» kompaniýasynyň ýurdumyz bilen nebitgaz pudagynda 30 ýylyň dowamynda alyp barýan hyzmatdaşlygynyň netijeli häsiýeti bellenildi. Medeni-ynsanperwer ulgam hem özara gatnaşyklaryň aýrylmaz bölegidir. Ýurtlarymyz bilim ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürýärler.
Duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutanymyz we Premýer-ministr Anwar Ibrahim Türkmenistanyň hem-de Malaýziýanyň ýola goýlan gatnaşyklary mundan beýläk-de netijeli ösdürmek üçin bilelikdäki işleri dowam etdirmäge taýýardyklaryny tassykladylar.
Soňra gepleşikler iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam etdi.
Döwlet Baştutanymyz türkmen-malaý gatnaşyklarynyň 30 ýyldan gowrak wagt bäri yzygiderli hem-de netijeli ösdürilýändigini, bu döwürde ýokary derejedäki özara saparlaryň 9-synyň amala aşyrylandygyny, hökümetara we pudagara resminamalaryň uly toplumyny özünde jemleýän hyzmatdaşlygyň hukuk binýadynyň döredilendigini aýtdy.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz soňky ýyllarda ýokary derejedäki özara saparlaryň yzygiderli häsiýetini kanagatlanma bilen belläp, 2024-nji ýylyň dekabrynda Malaýziýa amala aşyran saparyny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny, saparyň dowamynda Premýer-ministr Anwar Ibrahim bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklara hem-de halkara gün tertibine degişli meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşandygyny aýtdy we Türkmenistanyň hem-de Malaýziýanyň ruhy gymmatlyklary, döwletara gatnaşyklaryň filosofiýasy biri-birine ýakyn bolan ýurtlardygyna ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz aýtdy we häzirki wagtda türkmen-malaý dialogyny mundan beýläk-de giňeltmek, hil taýdan baýlaşdyrmak üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny nygtady.
«Biziň ýurtlarymyz Birleşen Milletler Guramasynyň ornuny hem-de abraýyny pugtalandyrmagyň, bu guramanyň Tertipnamasy, halkara hukugyň ykrar edilen kadalary esasynda ählumumy hem-de sebit meselelerini çözmäge işjeň, kesgitleýji derejede gatnaşmagynyň yzygiderli tarapdarlary bolup durýarlar» diýip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz aýtdy.
Nygtalyşy ýaly, Malaýziýa Birleşen Milletler Guramasynda energetika howpsuzlygynyň, halkara ulag hyzmatdaşlygynyň meseleleri boýunça Türkmenistan tarapyndan öňe sürlen Kararnamalaryň awtordaşy bolup yzygiderli çykyş edýär. Türkmenistan Malaýziýa bilen Birleşen Milletler Guramasynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga berk eýerýär, iş ýüzünde özara goldamagy we ýurtlarymyz üçin örän möhüm resminamalary işläp taýýarlamaga bilelikde işjeň gatnaşmagyny dowam etdirýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz halkara giňişlikde bilelikde işlemegiň wajyp wezipeleriniň hatarynda Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlary birleşigini (ASEAN) esaslandyryjy ýurt we onuň abraýly agzasy bolan Malaýziýa bilen hyzmatdaşlygyň ähmiýetini belledi hem-de ýurdumyzda Malaýziýanyň 2025-nji ýylda ASEAN-da başlyklyk etmeginiň netijelerine ýokary baha berilýändigini aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz ösüp barýan ýurtlaryň kanuny bähbitlerini, ählumumy çözgütler kabul edilende olara berlen mynasyp orny we adalatly hukugy goramagy Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasyndaky bilelikdäki işlerde örän möhüm ugur hökmünde kesgitläp, ýurdumyzyň Ählumumy Günortanyň ornuny pugtalandyrmak, dialog medeniýetini ilerletmek boýunça Malaýziýanyň başlangyçlaryny goldaýandygyny aýtdy.
«Biz halkara howpsuzlygy pugtalandyrmak boýunça başlangyçlary ilerletmekde, Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ösüş maksatlaryny gazanmagyň maksatnamalaryny bilelikde goldamakda Malaýziýa bilen ýakyn hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyrys. Şeýle hem howa gün tertibi, energetika geçişi, Merkezi we Günorta-Gündogar Aziýanyň arasynda sebitara dialogy ösdürmek, Aziýa yklymynda täze ulag-logistika gatnaşyklaryny emele getirmäge ýardam bermek boýunça hyzmatdaşlyk etmegi maksat edinýäris. Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde hyzmatdaşlygymyzy berkitmegi möhüm hem-de zerur diýip hasap edýäris. Ulgamlaýyn medeniýetara dialogy ýola goýmaga, köne kadalary hem-de garaýyşlary ýeňip geçmäge, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ornuny hem-de abraýyny ýokarlandyrmaga ýardam bermelidiris» diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.
Hormatly Prezidentimiz söwda-ykdysady, maýa goýum ulgamlaryny ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň wajyp ugurlarynyň hatarynda belledi. Nebitgaz pudagy türkmen-malaý hyzmatdaşlygynyň strategik ugry bolup durýar. Şunda «PETRONAS» kompaniýasy ýurdumyzyň esasy hyzmatdaşlarynyň biridir. Arkadagly Gahryman Serdarymyz nebitgaz pudagynda giň möçberli we uzak möhletli taslamalary durmuşa geçirmek maksady bilen, birnäçe möhüm ikitaraplaýyn resminamalaryň taýýarlanylandygyny, olaryň esasynda «PETRONAS» kompaniýasynyň gatnaşmagynda ýakyn wagtda Hazar deňziniň türkmen böleginde uglewodorodlaryň täze ýataklaryny özleşdirmek, Hazaryň geljegi uly nebitgaz toplumlarynda gözlegleri geçirmek boýunça giň gerimli işleriň başlanjakdygyny belledi.
Duşuşygyň dowamynda ýokary tehnologiýalar, maliýe-bank, dokma senagaty, ulag-aragatnaşyk, oba we suw hojalygy, şähergurluşyk ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin iki ýurduň hem uly mümkinçilikleriniň bardygyna üns çekildi. Medeni-ynsanperwer ulgam döwletara gatnaşyklaryň aýrylmaz bölegi bolup durýar.
Hormatly Prezidentimiz bilim we tejribeli hünärmenleri taýýarlamak babatda türkmen-malaý hyzmatdaşlygynyň üstünlikli tejribesini aýratyn nygtap, ýurtlarymyzyň akademiki düzümleriniň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmagyň, ylmy alyşmalary guramagyň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy. Şeýle hem syýahatçylyk ulgamy giň mümkinçilikleri bolan ugurlaryň hatarynda görkezildi.
Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahim hormatly Prezidentimiziň Malaýziýa resmi saparynyň çäklerinde söwda-ykdysady ulgamda, hususan-da, «PETRONAS» kompaniýasy bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylandygyny, medeni-ynsanperwer ulgamdaky gatnaşyklaryň, medeni umumylyklaryň aýratyn ähmiýetiniň nygtalandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, Malaýziýanyň Premýer-ministri türkmen halkynyň beýik ogly Magtymguly Pyragynyň gymmatly eserleriniň malaý diline terjime edilmeginiň medeni dialogyň aýdyň nusgasy bolandygyny, häzirki wagta çenli şahyryň 100-e golaý goşgusynyň terjime edilendigini aýtdy.
Premýer-ministr hormatly Prezidentimiziň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň döwlet Baştutany hökmünde halkara giňişlikdäki abraýynyň örän ýokarydygyny, Türkmenistanyň bolsa strategik taýdan möhüm hyzmatdaşdygyny belledi. Anwar Ibrahim Malaýziýada energetika pudagynda, maglumat merkezleriniň işini guramakda we beýleki ugurlarda Türkmenistanyň toplan baý hem döwrebap tejribesini öwrenmäge uly gyzyklanma bildirilýändigini, «PETRONAS» kompaniýasy bilen köp ýyllaryň dowamynda ýola goýlan hyzmatdaşlyga ýokary baha berilýändigini belledi.
Gepleşikler tamamlanandan soňra, ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek we resminamalary özara alyşmak dabarasy boldy. Özara alşylan resminamalaryň hatarynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen Malaýziýanyň Ylymlar akademiýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; «Türkmenhowaýollary» döwlet gullugy bilen Malaýziýanyň Ulag ministrliginiň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Malaýziýanyň Hökümetiniň arasynda howa gatnawlary hakynda Ylalaşyk; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Malaýziýanyň Hökümetiniň arasynda diplomatlary taýýarlamak we ylmy alyş-çalyş babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama bar.
Şeýle hem Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti bilen Tenaga milli uniwersitetiniň arasynda talyp alyş-çalşygy we mobillik maksatnamasy hakynda Ylalaşyga; Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty bilen Tenaga milli uniwersitetiniň arasynda talyp alyş-çalşygy we mobillik maksatnamasy hakynda Ylalaşyga; Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty bilen Tenaga milli uniwersitetiniň arasynda talyp alyş-çalşygy we mobillik maksatnamasy hakynda Ylalaşyga gol çekilendigi yglan edildi.
Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahim dabara gatnaşýanlaryň şowhunly el çarpyşmalary bilen resmi saparyň jemleri boýunça Bilelikdäki Beýannama gol çekdiler.
Gol çekmek dabarasy tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz hem-de Malaýziýanyň Premýer-ministri metbugat wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz Türkmenistanyň we Malaýziýanyň wekiliýetleriniň gepleşikleriniň dowamynda özara hyzmatdaşlygyň ähli ugurlarynyň hemmetaraplaýyn ara alnyp maslahatlaşylandygyny, sebit hem-de halkara meseleler barada pikir alşylandygyny, garaýyşlaryň beýan edilendigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz Premýer-ministr Anwar Ibrahim bilen söhbetdeşligiň doly özara düşünişmek, ýokary ynanyşmak ýagdaýynda geçendigini aýratyn belläp, gepleşikleriň dowamynda Türkmenistanyň we Malaýziýanyň syýasy özara hyzmatdaşlygyna, dünýä giňişliginde, iri halkara guramalaryň çägindäki gatnaşyklaryna baha berlendigini aýtdy.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistan we Malaýziýa nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlygy kämilleşdirmegi dowam etdirerler. «Bu ugurda «PETRONAS» kompaniýasy ýurdumyzyň esasy hyzmatdaşy hökmünde çykyş edýär. Bu kompaniýa bilen hyzmatdaşlyk has-da ilerlediler. Şeýle hem ykdysadyýetiň birnäçe pudaklarynda, hususan-da, senagatda, oba hojalygynda, dokma senagatynda hyzmatdaşlygy ösdürmek barada ylalaşyldy. Ýokary tehnologiýalar, tehniki, inženerçilik kooperasiýasy, bank we maliýe işi, şähergurluşyk ulgamlary hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryna goşular» diýip, hormatly Prezidentimiz belledi hem-de Türkmenistanyň we Malaýziýanyň ulag-logistika ulgamynda, Gündogar — Günbatar ugry boýunça geçelgeleri döretmekde hyzmatdaşlygy has-da ösdürjekdigini aýtdy.
«Malaýziýa Türkmenistanyň işewürligi ösdürmäge berýän ünsüne we malaýziýaly işewürlere bildirýän uly ynamyna ýokary baha berýär. Malaý tarapy tehnologiýalary, tejribeleri paýlaşmak, hünärmenleri taýýarlamak arkaly döwletara gatnaşyklaryň ösdürilmegi ugrunda tagalla eder. «PETRONAS» kompaniýasy bilen yzygiderli ösdürilýän hyzmatdaşlyk döwletara gatnaşyklaryň möhüm binýadyny emele getirýär. Şu gezekki saparyň dowamynda ýangyç-energetika pudagynda gazanylan ylalaşyklar özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge ýardam eder» diýip, dostlukly ýurduň Premýer-ministri nygtady.
«Ulag-logistika ulgamy hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugrudyr. Türkmenistanyň Prezidentiniň Malaýziýada Türkmenistanda öndürilýän önümleriň Aziýa — Ýuwaş umman sebiti ýurtlaryna ibermek boýunça degişli merkeziň döredilmegi baradaky teklibini durmuşa geçirmek ugrunda işler ilerlediler. Bilelikdäki hökümetara topary döretmek arkaly ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklary ösdüreris. Şeýle hem bank işi, maglumat tehnologiýalary, maglumat merkezlerini döretmek, halal senagat ýaly ugurlarda bar bolan tejribeleri özara alşarys. Ýokary derejeli ýaş hünärmenleri taýýarlamak, döredijilik we ylmy tejribeleri özara alyşmak işini has-da ösdürmek arkaly geljek üçin hyzmatdaşlygyň berk binýadyny kemala getirmäge hem uly ähmiýet berýäris» diýip, Premýer-ministr Anwar Ibrahim sözüni dowam etdi hem-de ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň ösdürilmegine berýän ünsi, yzygiderli tagallalary üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Malaýziýanyň özara dostlugy berkitmek babatda edilýän tagallalara goşant goşmaga ygrarlydygyny tassyklady.
Belent mertebeli myhmanyň hormatyna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan resmi kabul edişlik guraldy. Malaýziýanyň Premýer-ministri ýurdumyza saparynyň çäklerinde paýtagtymyzyň golaýyndaky Gypjak obasyna geldi. Bu ýerde belent mertebeli myhman Türkmenbaşynyň ruhy metjidinde Türkmenistanyň ilkinji Prezidentini hatyralady hem-de juma namazyny okady.
Türkmenistana resmi saparynyň maksatnamasy tamamlanandan soňra, Malaýziýanyň Premýer-ministri paýtagtymyzyň Halkara howa menziline geldi we Watanyna ugrady.
Şeýlelikde, Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahimiň ýurdumyza amala aşyran ilkinji resmi sapary türkmen-malaý gatnaşyklarynda möhüm tapgyr bolup, onuň dowamynda geçirilen gepleşikler hem-de gazanylan ylalaşyklar netijeli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy dürli ugurlar boýunça mundan beýläk-de okgunly ösdürmek üçin berk binýat bolup hyzmat eder.
