Golaýda Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçihanasy 2026-njy okuw ýyly üçin «Malaysian Technical Cooperation Programme (MTCP) Scholarship» halkara talyp haky maksatnamasyna gatnaşmak üçin arzalaryň kabul edilip başlanandygyny mälim etdi.
Şeýlelikde, Malaýziýanyň Hökümeti tarapyndan maliýeleşdirilýän maksatnama türkmen ýaşlary üçin ýurduň döwlet uniwersitetlerinde magistratura programmalary boýunça bilim almaga ajaýyp mümkinçilik bolar.
Arzalar şu ýylyň 12-nji iýunyna çenli kabul edilýär.
Bu okuwlaryň dowamlylygynyň 24 aýdan 36 aýa çenli boljakdygyny ýatladýarys.
Resminamalaryňyzy maksatnamanyň resmi saýty arkaly tabşyryp bilersiňiz.