Maliýe kynçylyklaryna getirip biljek 10 howply endik: Olardan gaça duruň

MilliInfo

12 Oktýabr, 2025

Biz bu gün sizi maliýe kynçylyklaryna sezewar edip biljek 10 endikden söz açmak isleýäris.

1.   Diňe şu gün bilen ýaşamak. Uzak möhletli maksatlary göz öňünde tutman, diňe şu gün bilen ýaşamak çynlakaý maliýe kynçylyklaryna sebäp bolup biler.

2.   Býujetiň bolmazlygy. Býujetsiz ýaşamak maliýe kynçylyklarynyň esasy sebäplerinden biridir. Girdejileri paýlamak meýilnamasy bolmazdan, çykdajylara gözegçilik etmek kyn. Gereksiz zatlary satyn almak üçin näçe pul sarp edilendigini kesgitläň. Girdejiňizi we çykdajylaryňyzy anyk bilmek üçin býujet dörediň.

3.   Pul tygştlap bilmezlik. Pul tygşytlamak islemezlik — garyplygyň ýene bir sebäbi. Köp adamlar aýlygy ýokarlananda pul tygşytlamaga başlap biljekdiklerini çaklaýarlar. Ýöne pul tygşytlamak endigi bolmazdan, hatda iň uly girdejini hem saklap bilmersiňiz.

4.   Puluňyzy mümkinçilikleriňizden has artyk ulanmak. Karz bilen gymmat zatlary satyn almak, kaşaňlyga ymtylmak — hakyky maliýe mümkinçilikleriňizden ýokary derejäni saklamaga gönükdirilen durmuş hem sizi kynçylyklara duçar eder. Öz serişdäňiziň çäginde ýaşamagy öwreniň.

5.   Hemişe bergili ýaşamak. Karzlar paýhasly ulanylanda peýdaly bolup biler. Hemişe bergide ýaşamak bolsa maliýe kynçylyklaryna sebäp bolýar. Diňe aşa agyr ýagdaýlarda karzlara ýüz tutup, öz serişdäňiz bilen ýaşamalysyňyz.

6.   Artykmaç zatlara pul harçlamak. Ünssiz satyn almalar býudjetiňize uly zyýan ýetirer. Mahabat we marketing dünýäsinde zerur bolmadyk zatlary satyn almak aňsat. Şonuň üçin hem, her gezek satyn almazyňyzdan ozal özüňizden soraň: «Bu hakykatdanam nä derejede zerur?»

7.   Passiw girdeji çeşmeleriň bolmazlygy. Diňe bir girdeji çeşmesine bil baglamak töwekgelçiliklidir. Işiňizi ýitirseňiz ýa-da aýlygyňyz azalsa, maddy kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolup bilersiňiz. Göni gatnaşmazdan, girdeji getirip biljek paýnamalar ýaly aktiwlere maýa goýmagy göz öňünde tutuň!

8.   Öz kämilleşmegiňize maýa goýmazlyk. Üznüksiz kämilleşmek we hünär endiklerini öwrenmek karýeranyň ösmeginiň we maddy hal-ýagdaýyň gowulaşmagynyň açarydyr. Öz ösüşiňize maýa goýumlarynyň bolmazlygy zähmet bazaryndaky bäsdeşlik ukybyňyzy peseldýär.

9.   Saglygyňy ünsden düşürmek. Saglyk maliýe durnuklylygy bilen ýakyndan baglanyşyklydyr. Saglygyňyza üns bermezlik geljekde ep-esli lukmançylyk çykdajylaryna sebäp bolup biler. Yzygiderli barlaglar, dogry iýmitlenmek we maşk etmek ýokary lukmançylyk çykdajylaryndan gaça durmaga hem-de durmuşda ýokary energiýa derejesini saklamaga kömek eder.

10. Öz maliýe serişdeleriňi dolandyrmak jogapkärçiligini üstüňe almakdan gorkmak. Köpler maliýe kynçylyklary üçin iş berijileri günäkärlemäge ýykgyn edýärler. Emma maliýe taýdan üstünlik gazanmagyň möhüm ugruny şahsy girdejilere we çykdajylara jogapkärçiligiň kabul edilmegi kesgitleýär.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info