Bahreýniň Manama şäherinde ýaşlaryň arasyndaky III Aziýa oýunlarynyň dabaraly açylyşy guraldy. Şowhunly dabara «Exhibition World Bahrain» sergi toplumynda geçdi. Munuň özi ýaşlaryň Aziýa oýunlarynyň taryhda ilkinji gezek ýapyk binada açylýandygyny aňladýar.
Sport baýramynyň giň meýdançasynda türkmen wekiliýeti hem uly şowhin bilen garşylandy. Ajaýyp waka gatnaşmak üçin Bahreýn Patyşalygynda bolýan türkmen toparyna 60 adam wekilçilik edip, şolaryň 40-a golaýy ýaş türgenlerdir.
Biz yklym oýunlarynda sportuň dürli görnüşleri boýunça çykyş edip, milli sportumyzyň abraýyny gorajak türkmen türgenlerine uly üstünlikleriň ýar bolmagyny arzuw edýäris.

