«Mançester Ýunaýted» Angliýanyň Premýer-ligasynyň çäginde 2022-nji ýyldan bäri ilkinji gezek «Arsenaldan» üstün çykdy.
Angliýanyň çempionatynda 2025/2026-njy ýyllaryň möwsüminiň 23-nji tapgyrynyň çäginde «Arsenal» «Ýunaýtedy» kabul etdi. 25-nji ýanwarda Londonyň «Emireýts» stadionynda bolup geçen bu duşuşyk myhmanlaryň ýeňşi bilen tamamlandy.
Duşuşygyň hasaby garaşylmadyk ýagdaýda açyldy. Oýnuň 29-njy minutynda «Mançester Ýunaýtediň» goragçysy Lisandro Martines ýalňyşyp, pökgini öz derwezesinden geçirdi. Emma «mançesterliler» tiz wagtda özlerine gelmegi başardylar. 37-nji minutda Braýan Mbemo hasaby deňlän bolsa, 50-nji minutda Patrik Dorgu toparyny öňe saýlady.
Oýnuň soňky pursatlary has-da dartgynly geçdi. 84-nji minutda «Arsenalyň» oýunçysy Mikel Merino hasaby deňlemegi başardy (2:2). Şeýle-de bolsa, bary-ýogy üç minutdan soň Mateus Kunýa ýene-de tapawutlanyp, «Ýunaýtede» möhüm ýeňşi getiren goly geçirdi. Şunlukda, Maýkl Kerrigiň şagirtleri myhmançylykda 3:2 hasabynda wajyp ýeňşi gazandylar.
Belläp geçsek, «Mançester Ýunaýted» Premýer-liganyň çäginde «Arsenaly» iň soňky gezek 2022/2023-nji ýyllaryň futbol möwsüminiň 6-njy tapgyrynda ýeňipdi. Şol duşuşyk 3:1 hasabynda tamamlanypdy.
Häzirki wagtda «Arsenal» 50 utuk bilen ýaryş tertibinde birinji orny saklap galýar. «Mançester Ýunaýted» bolsa utuklaryny 38-e ýetirip, dördünji orna geçdi.