Gyzyl mançesterlileriň ýeňşi: Derbide «Ýunaýted» «Sitiden» üstün çykdy

MilliInfo

18 Ýanwar, 2026

Angliýanyň Premýer-ligasynyň 22-nji tapgyrynyň merkezi duşuşygynda «Mançester Ýunaýted» we «Mançester Siti» toparlary duşuşdy. 17-nji ýanwarda «Old Trafford» stadionynda geçirilen oýun ýer eýeleriniň 2:0 hasabyndaky ynamly ýeňşi bilen tamamlandy.

Oýnuň birinji ýarymynda «Mançester Ýunaýtediň» futbolçylary garşydaş toparyň derwezesiniň öňünde birnäçe gezek howply pursatlary döretseler-de, hasap açylman galdy. Toparlar arakesmä 0:0 hasaby bilen gitdiler.

Duşuşygyň ikinji ýarymy has çekeleşikli başlandy. 65-nji minutda «Mançester Ýunaýtediň» hüjümçisi Braýan Mbemo takyk urgy bilen hasaby açmagy başardy. 76-njy minutda bolsa ýarymgoragçy Patrik Dorgu hasaby ikä ýetirip, toparynyň ýeňşini pugtalandyrdy.

Belläp geçmeli esasy ýagdaýlaryň biri hem, «Man Ýunaýtediň» ýene-de üç golunyň ofsaýd sebäpli hasaba alynmandygydyr. Has takygy, Amad Diallonyň, Brunu Fernandeşiň we Meýson Mauntyň toplary.

Bu ýeňiş «Mançester Ýunaýted» üçin aýratyn ähmiýete eýedir, sebäbi topar täze tälimçi Maýkl Kerrigiň ýolbaşçylygyndaky başlangyç oýnunda şeýle şowly netije görkezdi.

Häzirki wagtda APL-iň 22 oýnundan soňra «mankunianlar» 35 utuk bilen ýaryş tertibinde dördünji orunda barýarlar. «Siti» bolsa 43 utuk bilen ikinji orny eýeleýär.

Indiki tapgyrda «Ýunaýted» 25-nji ýanwarda myhmançylykda Londonynyň «Arsenaly» bilen duşuşar. «Şäherliler» bolsa 24-nji ýanwarda «Wulwerhempton» toparyny kabul ederler.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info