«Mançester Ýunaýtede» klubuň rowaýata öwrülen oýunçysy Maýkl Kerrik baş tälimçilik eder

MilliInfo

3 sagat öň

«Mançester Ýunaýted» topary möwsümiň ahyryna çenli dolandyrjak wagtlaýyn baş tälimçisiniň adyny mälim etdi. Şeýlelikde, topara 2025/2026-njy ýyllaryň futbol möwsüminiň ahyryna çenli klubuň «süňňüni» düzen öňki ýarymgoragçysy Maýkl Kerrik tälimçilik eder. Bu barada iňlis klubunyň metbugat gullugynyň resmi habarynda aýdylýar.

Kerrik üçin bu tanyş wezipedir. Ol 2021-nji ýylda — klubda Kriştianu Ronaldunyň çykyş edýän döwürlerinde baş tälimçiniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji hökmünde zähmet çekipdi.

Onuň şol gezekki ýolbaşçylygynda «Mançester Ýunaýted» jemi üç duşuşyk geçirip, şolaryň ikisinde (Angliýanyň Premýer-ligasynda «Arsenal» we Çempionlar ligasynda «Wilýarreal» bilen bolan oýunlarda) ýeňiş gazandy. Şeýle hem «Çelsi» bilen bolan duşuşykda deňme-deň oýnady. Bu gaty gowy netije hasaplansa-da, klub şol wagt başga bir hünärmeni — Ralf Rangnigi saýlapdy.

Kerrigiň oýunçy hökmündäki üstünligi

Maýkl Kerrigiň futbolçylyk karýerasynyň iň ajaýyp ýyllary 2006-njy ýyldan başlap, hut Mançesterde geçipdi. Klubdaky 12 ýyllyk döwrüniň dowamynda Maýkl 5 gezek Angliýanyň Premýer-ligasynyň çempiony bolmagy başardy. Şeýle hem ol Angliýanyň Kubogyny, 3 gezek Liganyň Kubogyny, 6 gezek Angliýanyň Superkubogyny, Çempionlar ligasyny, Ýewropa ligasyny gazanyp, klublaryň arasyndaky dünýä çempionatynyň ýeňijisi bolup, klubuň taryhynda öçmejek yz goýdy.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info