«Mançester Ýunaýted» iňlis Kubok ýaryşlaryndaky çykyşyny eýýäm ilkinji duşuşyklarda bes etdi. Şeýle şowsuzlyk klubuň taryhynda 1981/82-nji ýyllaryň möwsüminden bäri gaýtalanmandy.
11-nji ýanwarda Angliýanyň Kubogynyň 3-nji tapgyrynyň çäginde geçirilen oýunda «Mançester Ýunaýted» öz meýdançasynda «Braýtondan» 1:2 hasabynda asgyn geldi.
Ýatlap geçsek, awgust aýynyň ahyrynda «gyzyl şeýtanlar» Liganyň Kubogynyň 2-nji tapgyrynda «Grimsbi» toparyndan penaltiler arkaly utulyp, ýaryşy terk edipdiler.
Şeýlelikde, şu möwsümde «Mançester Ýunaýtediň» diňe Angliýanyň Premýer-ligasynda (APL) ýeňiş gazanmaga mümkinçiligi galdy. Emma häzirki wagtda topar sanawda 7-nji orny eýeläp, öňbaşçy «Arsenaldan» 17 utuk yzda galýar.