«Arkaç» söwda we medeni dynç alyş merkeziniň birinji gatynda belli ispan brendi bolan «Mangonyň» dükany açyldy. Bu bütin dünýäde uly meşhurlyk gazanan brendiň Türkmenistandaky ilkinji resmi söwda meýdançasydyr.
Biu ýerde alyjylara egin-eşikleriň, aýakgaplaryň, bezeg esbaplarynyň, dürli lybaslaryň hem-de beýleki harytlaryň uly toplumy elýeterli boldy. Brendiň hödürleýän harytlarynyň hatarynda sagatlardyr parfýumeriýa önümleri hem bar.

Ajaýyp dükan zenanlar, erkekler hem-de çagalar üçin niýetlenen bölümlere bölünip, Ýewropadan täze hem iň döwrebap önümleriň toplumyny hödürleýär.
Täze şoping giňişliginiň interýeri brendiň ösüş filosofiýasyna doly laýyk gelýär we ekologiýa taýdan arassalyk hem-de energiýa tygşytlamak talaplaryna eýerýän täze konsepte daýanýar. Ajaýyp giňişlikde ýagtylyk köp, baglaryň ulanylyşy we dürli şekilli uly aýnalar aýratyn ünsüňi çekýär. Munuň 1984-nji ýylda Ispaniýada döredilen brendiň täzelenen dizaýny bilen durmuşa geçirilen ilkinji dükanydygyny bellemek gerek.

Şäheriň merkezi sebitinde amatly ýerleşmegi, ajaýyp owaz, ýakymly jemgyýet — dükanyň açylyş dabarasynyň düzüm böleklerini emele getirdi. Täze «Mango» dükanynyň açylyş çäresini şeýle ähmiýetli aýratynlyklar bezedi.

Myhmanlar täze kolleksiýalar bilen tanyşdylar, soňra satyjylardyr maslahatçylar bilen söhbetdeş boldular. Olar gyzyklanma bildirýänleriň her birine görkezilen eşik ugurlary barada jikme-jik gürrüň berdiler hem-de stiliňi ýerlikli utgaşdyrmagyň ýollary hakynda professional derejedäki maslahatlaryny hödürlediler.

Egzotik miwäniň adyny göterýän «Mango» reňklere baýlygy we «tagamly» çemeleşmesi bilen haýran galdyrýar. Täze dükanyň dizaýnerleriniň esasy wezipesi «zyýan ýetirmek bolmaz» diýen ýörelge boldy: giňişlik, ýagtylyk, artykmaç aýratynlyklaryň bolmazlygy — bularyň hemmesi eşigi moda sahnasynyň «öňdebaryjy ýüzi» hökmünde görkezmek üçin döredildi.

Aýratyn bellemeli maglumatlarymyzyň biri hem, «Mangonyň» nyrhyň we hiliň iň oňaýly utgaşmasy bilen meşhurlygy bilen baglydyr.
