Maniladan medallar çemeni: ýaş samboçylarymyzyň Aziýanyň we Okeaniýanyň birinjiligindäki netijeleri

MilliInfo
Maniladan medallar çemeni: ýaş samboçylarymyzyň Aziýanyň we Okeaniýanyň birinjiligindäki netijeleri

Türkmen türgenleri Filippinleriň Manila şäherinde geçýän sambo boýunça ýaşlaryň arasyndaky Aziýanyň we Okeaniýanyň birinjiligini uly üstünliklere besleýärler.

Ýaşlaryň birinjiliginde sport sambosyndan 79 kilogram agramda göreş düşekçesine çykan Jesur Döwrankulyýew altyn, 53 kilogram agramda çykyş eden Serdar Şeripow, 64 kilogramda göreşen Annamuhammet Annamuhammedow kümüş, 58 kilogramda bäsleşen Ilşat Döwranow bürünç medallary gazandylar. Söweş sambosyndan bolsa 58 kilogramda Alyhan Aýdogdyýew altyn, 88 kilogramda Myratgeldi Myradow kümüş, 71 kilogramda Aýmuhammet Gatyýew bürünç medallara eýe çykdylar.

Ýaşlaryň ýaryşyndan soň bolsa bu ýerde ulularyň arasyndaky Aziýanyň we Okeaniýanyň çempionaty başlandy. Häzirki wagtda bolsa şol şäherde ulularyň arasynda Aziýanyň we Okeaniýanyň çempionaty geçirilýär.  

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info