Mary welaýatynyň degişli sebitlerinde boş iş orunlarynyň ilata hödürleniş çäreleri geçiriler

MilliInfo

29 Iyul, 2026

Mary welaýatynyň degişli sebitlerinde boş iş orunlarynyň ilata hödürleniş çäreleri geçiriler

Mary şäheriniň zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümi 3-nji awgustda şäheriň Mollanepes köçesiniň 51-nji jaýynda ýerleşýän Marynyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky medeniýet köşgünde boş iş orunlarynyň ilata hödürleniş çäresini geçirýändigini habar berýär. Çäre sagat 09:00-dan 11:00-a çenli dowam eder.

Habarlaşmak üçin:

 800522 6-31-61;

800558 6-36-98;

***

Şeýle çäre 3-nji awgustda Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümi tarapyndan hem geçiriler. Ýolöten şäheriniň Garaşsyzlyk köçesiniň 1-nji jaýynda ýerleşýän Ýolöten etrap zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölüminiň edara binasynda ýaýbaňlandyryljak çäre 09:00-dan 11:00-a çenli dowam eder.

Habarlaşmak üçin:

 800560 6-28-01;

***

12-nji awgustda bolsa boş iş orunlarynyň ilata hödürleniş çäresi Mary etrabynyň zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümi tarapyndan geçiriler. Çäre Mary şäheriniň Mollanepes köçesiniň 51-nji jaýynda ýerleşýän Marynyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky medeniýet köşgünde sagat 09:00-dan 11:00-a çenli guralar.

Habarlaşmak üçin:

 800522 7-09-95;

800522 7-36-81.

Kärhanalar, guramalar, edaralar hem-de hususy telekeçiler bu çärelere boş iş orunlary baradaky maglumatlary bilen bilelikde gatnaşmalydyrlar.

Işe ýerleşmek isleýän raýatlar bolsa şahsyýetini tassyklaýan resminamasy, eger bar bolsa, zähmet depderçesi hem-de hünärini tassyklaýan resminamasy bilen gelmelidir.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info