Mary welaýatynyň etraplarynda boş iş orunlarynyň ilata hödürleniş çäreleri geçiriler

MilliInfo

2 sagat öň

Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi Mary welaýatynyň Sakarçäge, Oguzhan hem-de Tagtabazar etraplarynda ilata boş iş orunlarynyň hödürleniş çäreleriniň geçirilýändigini habar berdi.

  • Şeýle çäre Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümi tarapyndan 11-nji martda Sakarçäge etrabynyň Medeniýet öýünde sagat 10:00-dan 12:00-a çenli geçiriler. Çäräniň geçiriljek ýeriniň salgysy: Sakarçäge şäheriniň Sakarçäge-Birleşik gara ýolunyň ugrundaky 6-njy jaýy.

    Habarlaşmak üçin: 800566 5-34-30

  • Mary welaýatynyň Oguzhan etrabynyň zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümi boş iş orunlarynyň ilata hödürleniş çäresini 13-nji martda Oguzhan etrabynyň Şatlyk şäheriniň Medeniýet köşgünde sagat 09:00-dan 12:00-a çenli geçirýär. Çäräniň geçiriljek ýeriniň salgysy: Oguzhan etrabynyň Şatlyk şäheriniň Gazçylar bulwary köçesiniň 52-nji jaýy.

    Habarlaşmak üçin: 800559 6-58-78

  • Tagtabazar etrabynyň şeýle çäresi 12-nji martynda sagat 9:30-dan 12:00-a çenli etrabyň zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölüminde guralar. Çäräniň geçiriljek ýeriniň salgysy: Tagtabazar etrabynyň Gulja geňeşliginiň 6-njy meýdan düşelgesi.

    Habarlaşmak üçin: 800568-52-1-05

Şeýlelikde, kärhanalar, guramalar, edaralar hem-de hususy telekeçiler agzalan çärä özlerindäki boş iş orunlary baradaky maglumatlary bilen bilelikde gatnaşmalydyrlar.

Işe ýerleşmek isleýän raýatlaryň bolsa şahsyýetini tassyklaýan resminamasy, eger bar bolsa, zähmet depderçesi hem-de hünärini tassyklaýan şahadatnamasy bilen gatnaşmagy zerurdyr.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info