Ilon Mask indi birinji däl: «Bloomberg» dünýädäki iň baý ynsanyny atlandyrdy

MilliInfo

11 Sentýabr, 2025

«Oracle IT» kompaniýasynyň paýnamalarynyň bahasynyň birden ýokarlanmagy bilen onuň 81 ýaşyndaky esaslandyryjylarynyň biri Larri Ellison «Bloomberg» agentligi tarapyndan düzülen dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawynyň başyna geçdi. Şunlukda, dünýäniň iň meşhur milliarderi Ilon Mask indi ikinji orun bilen çäklenmeli boldy. Agentligiň hasaplamalaryna görä, ABŞ-da 10-njy sentýabrda söwdalaryň başlanmagy bilen «Oracle» kompaniýasynyň paýnamalarynyň bahasy wagtlaýynça 40 göterim ýokarlanyp, Ellisonyň baýlygy takmynan 100 milliard dollar artdy. Bu bolsa taryhda bir günüň dowamyndaky iň uly ýokarlanma hökmünde bellige alyndy. Şunuň bilen birlikde, «Bloomberg» tarapyndan hödürlenen maglumatlarda Larri Ellisonyň dünýäniň iň baý adamy bolandygy tassyklanylýar.

Reýtinge laýyklykda, häzirki wagtda Ellisonyň baýlygy 393 milliard dollar hasaplanylýar, Ilon Maskyň hasabynda bolsa 385 milliard dollar bar.

Muňa garamazdan, «Forbes» žurnalynyň hasaplamalarynda Maskyň baýlygynyň 463 milliard dollara ýetýändigi görkezilýär we «Tesla» kompaniýasynyň ýolbaşçysy reýtingde birinji orny saklamagyny dowam etdirýär. Munuň sebäbi Maskyň eýelik edýän serişdelerini takyk hasaplamak has kynlygy bilen baglydyr. Ellisonyň baýlygynyň esasy bölegi «Oracle» kompaniýasyndaky paýyndan (40 göterimden gowrak) ybarat bolsa, Maskyň baýlygy diňe «Tesla» bilen çäklenmän, eýsem, biržada paýnamalary ýerleşdirilmedik kompaniýalardaky paýlaryny hem öz içine alýar. Şolaryň hatarynda kosmos enjamlaryny öndürýän «SpaceX» we emeli aň ulgamynda iş alyp barýan «xAI» ýaly kompaniýalar bar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info