27-nji iýul – 3-nji awgust aralygynda Bolgariýa Respublikasynyň Blagoýewgrad şäherinde Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň London Uniwersitet kollejiniň (University College London) we Bolgariýa Respublikasynyň Amerikan uniwersitetiniň (American University in Bulgaria) bilelikde guramagynda ýokary okuw mekdepleriň talyplarynyň arasynda 32-nji halkara matematika bäsleşigi (32nd International Mathematics Competition for University Students, IMC-2025) geçirildi. Oňa dünýäniň 52 döwletinden 434 talyp gatnaşdy.
Ýurdumyzyň Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň we Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyplaryndan düzülen toparlar olimpiadada üstünlikli çykyş edip, şahsy hasapda 2 altyn, 2 kümüş we 3 bürünç medallara mynasyp boldular. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň resmi saýtynda habar berildi.
Halkara matematika bäsleşigi (IMC) uniwersitet derejesindäki iň abraýly halkara ýaryşlardan biridir. Iňlis dilinde geçirilen matematika olimpiadasy 2 tapgyrdan ybarat bolup, türkmen ýaşlary Awstriýa, Belgiýa, Braziliýa, Beýik Britaniýa, Germaniýa, Ispaniýa, Italiýa, Hytaý, Kolumbiýa, Gollandiýa, BAE, ABŞ, Demirgazyk Makedoniýa, Şwesiýa, Şweýsariýa, Fransiýa, Ekwador ýaly ýurtlardan bolan ýaş matematikler bilen bäsleşdiler. Talyplar iki günüň dowamynda algebra, derňew, kombinatorika we geometriýa ýaly ugurlar boýunça 4-5 meseläni çözdüler.
Ajaýyp bäsleşik talyplaryň diňe bir matematiki ukyplaryny synamagynda ähmiýetli bolman, eýsem, olaryň dürli döwletlerden bolan deň-duşlary bilen dostlukly aragatnaşyk gurmagyna hem mümkinçilik döretdi.

