Mawy ýangyjyň täze akymy

MilliInfo
Mawy ýangyjyň täze akymy

Hazar deňziniň türkmen böleginde ýerleşýän «Toplum-1» şertnamalaýyn çägindäki «Magtymguly» gaz känini özleşdirmekde zähmet ýeňşi gazanyldy. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda kändäki A8 belgili ulanyş guýusy 4 müň 981 metr çuňlukda üstünlikli burawlanyp, ýerastynda geçirilen ýokary hilli işleriň netijesinde bir gije-gündizde 1 million 300 müň kub metrden gowrak senagat ähmiýetli tebigy gaz akymy hem-de 130 tonna golaý gaz kondensaty alyndy.

Häzirki wagtda guýyny başlangyç tapgyrda özleşdirmek işleri dowam edip, geljekde alynýan önümiň möçberiniň has-da artmagyna garaşylýar. Munuň özi «Magtymguly» käniniň uglewodorod gorlaryna örän baýdygyny ýene bir gezek aýdyň subut edip, ýurdumyzyň energetika kuwwatyny ýokarlandyrmaga uly goşant goşýar. Bu iri üstünlik Malaýziýanyň «PETRONAS Çarigali» kompaniýasynyň «Türkmennebit» döwlet konserni bilen baglaşan önümi paýlaşmak hakyndaky şertnamasy esasynda alnyp barylýan netijeli zähmetiň aýdyň miwesidir.

Ýurdumyzyň nebitgaz pudagyny döwrebap ösdürmek, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak hem-de uglewodorod gorlaryny netijeli özleşdirmek boýunça amala aşyrylýan giň gerimli işleriň çäginde Hazar deňziniň türkmen bölegindäki ygtyýarlandyrylan deňiz toplumlarynda halkara hyzmatdaşlyga aýratyn orun degişlidir. Milli ykdysadyýetimiziň binýatlyk pudagynda giň gerimli halkara taslamalary durmuşa geçirmek Türkmenistanyň energetika strategiýasynyň baş ugry bolup durýar. Şunda «PETRONAS» kompaniýasy bilen ýola goýlan hyzmatdaşlyga uly baha berilýär. Şu ýyl iki ýurduň nebitgaz pudagyndaky strategik hyzmatdaşlygyna 30 ýyl doldy. Ýeri gelende bellesek, şu ýylyň iýunynda paýtagtymyzda geçirilen «Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagynda özara bähbitli hyzmatdaşlyga 30 ýyl» atly halkara ylmy-amaly maslahat hem bu taryhy senä bagyşlanyp, hyzmatdaşlygyň geljegine giň ýol açdy.

Geçen 30 ýylyň dowamynda Hazar deňziniň türkmen böleginde we kenarýaka zolakda nusgalyk infrastruktura döredildi hem-de onuň şertnama-hukuk binýady kemala getirildi. Deňizde 5 sany döwrebap platforma guruldy we 40-a golaý gözleg, baha beriş hem-de ulanyş guýusy burawlanyldy. Bilelikdäki işleriň netijesinde Hazar deňzinden 44 milliard kub metrden gowrak gaz hem-de 16 million tonna suwuk uglewodorod çykaryldy. Şeýle hem Hazar deňziniň türkmen kenarynda gaz taýýarlaýan zawod, kenar gaz terminaly we deňiz gurnamalaryny ýygnaýan desgalar toplumy üstünlikli gurlup işe girizildi.

Hyzmatdaşlygyň täze tapgyrynda Hazar deňziniň türkmen bölegindäki 19-njy we 20-nji deňiz toplumlaryny özleşdirmek boýunça hem giň gerimli işler üstünlikli durmuşa geçiriler. Şeýle hem 11-nji, 12-nji, 13-nji we 14-nji deňiz toplumlarynda 2D seýsmiki barlaglary geçirmek göz öňünde tutulýar. Gol çekilen önümi paýlaşmak hakyndaky şertnamalar, 2D seýsmiki işleri geçirmek baradaky ylalaşyklar hem-de uglewodorod serişdelerini özleşdirmek boýunça uzak möhletleýin Çarçuwaly ylalaşyk ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykaryp, Türkmenistanyň energetika kuwwatyny mundan beýläk-de berkitmäge saldamly goşant goşar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info