Maýsa Pardaýewa Ulanbatarda geçýän «IJF Grand Slam 2026» ýaryşynyň bürünç medalyny gazandy

MilliInfo
Maýsa Pardaýewa Ulanbatarda geçýän «IJF Grand Slam 2026» ýaryşynyň bürünç medalyny gazandy

Türkmenistanyň dzýudo boýunça milli ýygyndy toparynyň wekili, Pariž olimpiadasyna gatnaşyjy Maýsa Pardaýewa Mongoliýanyň Ulanbatar şäherinde geçýän «IJF Grand Slam 2026» ýaryşynda — Halkara dzýudo federasiýasynyň «Uly tuwalga» bäsleşiginde uly üstünlik gazandy. 57 kilogram agram derejesinde göreş düşekçesine çykan ildeşimiz bürünç medala mynasyp boldy.

Türkmen gyzy ýaryşyň 1/32 finalynda gazagystanly Dana Abdirowany ahmyrda goýsa, 1/16 finalynda Koreýa Respublikasyndan bolan Mimi Huhy ýeňlişe sezewar etdi. Abraýly bäsleşigiň çärýek finalynda ildeşimiz Ysraýyldan gelen Timna Nelson Lewy atly türgeni ýeňdi.

Ýarym finalda bolsa Maýsa ýaponiýaly Akari Omori bilen tutluşyp, güýçli garşydaşyndan asgyn geldi. Bürünç medal ugrundaky göreşde bolsa fransiýaly Faiza Mokdardan üstün çykyp, hormat münberiniň üçünji basgançagynda ornaşdy.

Şeýlelikde, Maýsa Pardaýewa Türkmenistanyň ýygyndysyna «IJF Grand Slam 2026» ýaryşynyň ilkinji medalyny getirdi. Türkmen dzýudosynyň nobatdaky üstünligi olimpiýa maksatnamasyna girýän sport görnüşinden milli mekdebimiziň ajaýyp netijesi boldy.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info