Maýyň ahyrky günleri türkmen estrada ýyldyzlarynyň baýramçylyk konsertlerine baý bolar

MilliInfo

21 Maý, 2026

Maýyň ahyrky günleri türkmen estrada ýyldyzlarynyň baýramçylyk konsertlerine baý bolar

«Türkmenistan» kinokonsert merkezi Aşgabat şäheriniň güni, «Soňky jaň» dabarasy hem-de Gurban baýramy mynasybetli guraljak estrada ýyldyzlarynyň konsertlerine çagyrýar.

Şunlukda, 25-nji maýda Gurbangeldi Ataýewiň, 27-nji maýda Ybraýym Nyýazmyradowyň, 28-nji maýda Arslan Gulmämmedowyň, 29-njy maýda bolsa Täşli Tülegenowyň konsertleri geçiriler. Ybraýym Nyýazmyradowyň konserti 17:00-da we 19:00-da, beýleki konsertler bolsa bellenen senelerde sagat 18:00-da başlanýar.   

Habarlaşmak üçin:

  • +993 62 00-31-21;

  • +993 12 49-26-58

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info