Mbappe Ronaldunyň klubdaky rekordyny gaýtalady we ony nusgalyk futbolçysy hasaplaýandygyny aýtdy

MilliInfo

22 sagat öň

Mbappe özüniň 27 ýaş toýunda — doglan gününde Ispaniýanyň futbol çempionatynyň 17-nji tapgyrynda «Sewilýa» garşy geçirilen duşuşykda (2:0) geçiren goly bilen Ronaldunyň 2013-nji ýylda goýan, has takygy bir senenama ýylynyň dowamynda awtorlyk eden gollarynyň sany (59) boýunça klubdaky rekordyny gaýtalady. Duşuşyk 20-nji dekabrda geçirildi. Mbappe bu üstünligini Ronaldunyň futbol meýdanyndaky özboluşly hereketi bilen belledi.

Mbappe bu üstünligini öz dosty we nusgalyk hasaplaýan türgeni bolan portugaliýaly futbolça bagyşlady.

«Bu ynanar ýaly däl, «Realdaky» ilkinji ýylymda men Kriştianunyň eden zadyny gaýtalap bildim. Ol meniň nusgalyk hasaplaýan türgenim we bu klubuň taryhyndaky iň gowy oýunçy. Meniň goly bellemegim onuň hormatyna bagyşlanýar. Men oňa öz minnetdarlygymy bildirmek isleýärin, sebäbi ol maňa elmydama ýagşylyk etdi, bu kluba uýgunlaşmaga kömek etdi, indi bolsa men öz gollarym bilen «Reala» ýeňiş gazanmaga ýardam edýärin» diýip, Mbappe Instagramda çap edilen wideoýazgyda aýtdy.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info