Madridiň «Realynyň» hüjümçisi Kilian Mbappe şikes sebäpli, Fransiýanyň milli ýygyndysyndaky ornuny wagtlaýyn terk etdi we 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň saýlama tapgyrynyň çäginde 13-nji oktýabrda Islandiýanyň garşysyna geçiriljek duşuşyga gatnaşmaz. Bu barada Fransiýanyň Futbol federasiýasynyň (FFF) resmi saýtynda habar berilýär.
Anna güni Fransiýanyň ýygyndy topary dünýä çempionatynyň saýlama böleginde Azerbaýjany 3:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Mbappe bu oýna kapitanlyk daňysy bilen başlangyç düzümde çykdy we gol geçirmegiň hötdesinden geldi. 83-nji minutda bolsa şikes alandygy üçin çalşyldy.
«Mbappe sag aýagynyň topugyna düşen şikes sebäpli, duşenbe güni Islandiýanyň ýygyndysyna garşy geçiriljek oýna çykyş edip bilmez. Baş tälimçi Deşam onuň duşuşyga gatnaşmajakdygyny tassyklady. Şunlukda, Mbappe çykyş edýän klubuna — «Reala» giýberildi we onuň ýerine başga futbolçy çagyrylmaz» — diýlip, habarda beýan edilýär.
Şu möwsümde Mbappe dürli ýaryşlardaky 10 duşuşyga gatnaşdy we 14 gola awtorlyk etdi. Fransiýaly futbolçy 9 gol bilen La Liganyň häzirki möwsüminiň iň köp tapawutlanan futbolçysy bolmagynda galýar.

