Pekiniň hytaý lukmançylygy uniwersitetiniň rektory Tan Çžişuwyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň agzalary ýurdumyza saparynyň çäklerinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň Arkadag şäherinde ýerleşýän ştab-kwartirasyna baryp gördüler.
Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň Pekiniň hytaý lukmançylygy uniwersitetiniň rektory we wekiliýet agzalary bilen duşuşygy boldy. O.Atabaýewa dostlukly ýurduň wekiliýetini türkmen topragynda görýändigine şatdygyny aýdyp, myhmany mynasyp bolan ylmy derejesi hem-de Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Adaty däl lukmançylyk otagynyň açylmagy bilen gutlady. Gaznanyň wise-prezidenti iki ýurduň lukmançylyk ugurly ýokary okuw mekdepleriniň arasynda Türkmen-hytaý adaty hytaý lukmançylygy merkezini döretmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilmeginiň taryhy ähmiýetiniň bolandygyny belläp, bu wakalaryň iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň ösüşiniň hil taýdan täze derejä çykýandygyny görkezýändigini aýtdy.
Myhman Türkmenistanda saparda bolmagyň çäklerinde dünýäde asylly işleri amala aşyrýan gazna hökmünde ykrar edilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti bilen duşuşyp, degişli ugurlar boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşmagyň özi üçin uly hormatdygyny belläp, munuň üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.
Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň yzygiderli üns bermegi netijesinde türkmen-hytaý gatnaşyklary dürli ugurlar boýunça has-da ilerledilýär. Ýakynda Gahryman Arkadagymyzyň Pekinde HHR-iň Başlygy bilen geçiren gepleşikleriniň netijeleri hem munuň aýdyň mysalydyr. Şunuň bilen baglylykda, O.Atabaýewa iki ýurduň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça gatnaşyklaryň ösdürilýändigine, şu ýyl gaz pudagynda strategik hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagyna 20 ýyl bolýandygyna ünsi çekdi.
Gaznanyň wise-prezidenti Hytaýyň Sun Sinlin adyndaky gaznasynyň başlygy hanym Li Biniň çakylygy boýunça iş sapary bilen Hytaýda bolandygyny we saparyň çäklerinde bilim, saglygy goraýyş ulgamlaryna degişli düzümleriň ýolbaşçylary bilen birnäçe duşuşyklary geçirendigini aýtdy.
«Şonda Sun Sinlin adyndaky gazna bilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi. Häzirki döwürde resminamadan gelip çykýan wezipeleriň amala aşyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär» diýip, O.Atabaýewa sözüni dowam etdi.
O.Atabaýewa şu ýyl gaznanyň döredilmegine 5 ýyl bolandygyny belläp, şu döwürde köp sanly haýyr-sahawat işleriniň amala aşyrylandygyny, gaznanyň serişdeleriniň hasabyna näsag çagalara dürli ugurlar boýunça çylşyrymly operasiýalaryň geçirilendigini aýtdy. Gaznanyň ýanynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezi hem-de 150 orunlyk çagalar bagy hereket edýär. Olarda sagaldyş işleri bilen bir hatarda, çagalaryň okuw sapaklaryny özleşdirmekleri ugrunda-da tagalla edilýär.
O.Atabaýewa adaty däl lukmançylygyň aýratynlyklary we onuň gazananlary bilen gyzyklanýandyklaryny belläp, lukmançylygyň bu görnüşini çagalaryň saglygyny goramakda peýdalanmak üçin hytaý tarapynyň tekliplerini öwrenmäge taýýardygyny tassyklady.
Pekiniň hytaý lukmançylygy uniwersitetiniň rektory haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidentine hoşallyk bildirip, dünýäde ygtybarly hyzmatdaş hökmünde ykrar edilýän Türkmenistan bilen saglygy goraýyş ulgamyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmäge uly gyzyklanma bildirýändigini nygtady. Rektor häzirki döwürde Awstraliýada, Russiýada, ABŞ-da, Germaniýada Adaty däl lukmançylyk merkezleriniň açylandygyny, bu sanawa Türkmenistanyň hem goşulmagynyň ýurtda ynsan saglygyny goramaga, bejerişiň ähmiýetli ugurlaryny peýdalanmaga uly gyzyklanma bildirilýändigini subut edýändigini aýdyp, bu ugurdaky gatnaşyklaryň ösdürilmegine goşant goşmagyň özleri üçin uly hormatdygyny belledi.
Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti hoşniýetli bu ýerde tebigy dikeldiş bejergisiniň ippoterapiýa görnüşiniň ýola goýlandygyna ünsi çekdi.
Soňra Pekiniň hytaý lukmançylygy uniwersitetiniň rektorynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň agzalary Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezine tarap ugradylar. Myhmanlar ýolugra merkeziň çäginde dürli oýunlara güýmenýän çagalaryň şatlykly pursatlaryny synladylar. Munuň özi ýurdumyzda çagalaryň saglygynyň berkidilmegi ugrunda edilýän tagallalaryň oňyn netijeleri berýändigini görkezýär.
Merkeziň lukmanlary näsag çagalara edilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň görnüşleri, merkezde oturdylan enjamlaryň häsiýetli aýratynlyklary barada gürrüň berdiler. Şunda näsag çagalaryň saglygyny dikeltmekde häzirki zaman lukmançylygynyň gazananlary, bedenterbiýe maşklarynyň döwrebap usullary utgaşykly ulanylýar.
Hytaýly myhmanlar Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkine hem baryp görüp, bu ýerde alnyp barylýan işler, atçylyk sirkiniň özboluşlylygy, çagalaryň daýanç-hereket ediş synalaryny berkitmekde at üstündäki hereketleriň, ippoterapiýanyň aýratynlyklary bilen tanyşdylar. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasyndan binýat bolan «akylly» şäheriň atçylyk sirkinde alnyp barylýan toplumlaýyn işler ýaş nesilleriň saglygynyň berkidilmegi ýaly asylly çäreler bilen hem utgaşdyrylýar.
Soňra bu ýerde milli atçylyk sungatyny dünýä ýaýmakda uly hyzmatlary bitiren we bu ugur boýunça halkara festiwallaryň birnäçesinde ýeňiş gazanan «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşlary görkezildi.