Mekdep bazarlary gapylaryny giňden açdy

MilliInfo

2 sagat öň

Mekdep bazarlary gapylaryny giňden açdy

Ýurdumyzda täze, 2026-2027-nji okuw ýylynyň ýetip gelýändigini buşlaýan mekdep bazarlary işläp başlady. «Türkmenistan» gazetinde habar berlişi ýaly, ýurdumyzyň bazarlarynyň, iri söwda merkezleriniň ýanynda okuwçylardyr talyplar hem-de mugallymlar üçin ähli gerekli harytlary özünde jemleýän göçme söwda nokatlary döredildi.

Ilkinji günden başlap göçme söwda nokatlarynyň töwereginiň köp adamly bolmagy «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň täze okuw möwsümine hemmeleriň sabyrsyzlyk bilen garaşyp, ony ykjam we mynasyp garşylamagy maksat edinýändigini görkezýär. Şu ýyl ak mermerli paýtagtymyzyň çäginde mekdep harytlarynyň göçme söwdasyny amala aşyrýan nokatlaryň 60-a golaýyny gurnamak meýilleşdirildi. Munuň özi ilatyň bölek söwda hyzmatlaryndan netijeli peýdalanmagy, zerur harytlary bir ýerden, amatly görnüşde satyn almagy ugrunda döwletimiz tarapyndan edilýän uly aladalaryň ýene-de bir görkezijisidir.

24-nji iýulda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiz ilatymyzyň dürli görnüşli mekdep harytlaryna bolan isleglerini öwrenip, täze okuw ýylyna taýýarlyk bilen bagly göçme söwda nokatlaryny gurnamagyň möhümdigini nygtap, bu boýunça anyk tabşyryklary berdi. Hödürlenilýän harytlaryň köpüsiniň ýurdumyzda öndürilýändigini bellemek gerek. Olar ekologik taýdan arassalygy, ýokary hilliligi we amatlylygy bilen aýratyn tapawutlanýar. Hususan-da, Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalary tarapyndan öndürilen, gyzjagazlar üçin niýetlenen ýaşyl penjeklere we milli keşdeli köýneklere, öňlüklere, oglanjyklar üçin nusgawy biçüwli kostýumlara, ak köýneklere, sport egin-eşiklerine isleg has-da ýokary. Mekdep sumkalarydyr talyp portfelleri, rahat aýakgaplar hem köpgörnüşliligi bilen tapawutlanýar. Şeýle hem gündelikler, kartalar, surat we çyzuw albomlary, ders hem-de umumy depderler, dürli reňkli galamlar we başga-da ençeme esbaplar satuwa çykarylypdyr. Önümleriň bezeginde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýylynda ýetilen sepgitleri, şäherlerimiziň we tebigatymyzyň gözelliklerini şöhlelendirýän şekillere, hususan-da, şanly ýylymyzyň baş nyşany bolan behişdi bedewleriň täze belentliklere we üstünliklere ruhlandyrýan okgunly keşbine möhüm orun berlipdir.

Paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň iň gelim-gidimli bazarlary bolan «Altyn Asyr» Gündogar, «Teke», «Gülüstan» bazarlarynyň çäginde mekdep harytlarynyň göçme söwda nokatlary aýratyn bölegi emele getirýär. Mekdep harytlarynyň göçme söwda nokatlarynyň her gün ir säherden tä agşama çenli işlemegi alyjylar üçin has-da amatlydyr.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info