Ozon gatlagyny goramagyň halkara güni mynasybetli Türkmenistanda mekdep okuwçylarynyň arasynda «Ozon we klimat» atly ylmy-döredijilik bäsleşigi yglan edildi. Bäsleşigi «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy BMG-niň Senagat Ösüşi boýunça guramasy (UNIDO) we BMG-niň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) bilen bilelikde geçirýär.
Ylmy-döredijilik bäsleşigi paýtagtymyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň 7—12-nji synp okuwçylarynyň arasynda ýaýbaňlandyrylar. Ol ozon gatlagyny goramak baradaky bilimleri kämilleşdirmek, ekologiýa medeniýetini kemala getirmek, ylmy-barlag we döredijilik ukyplaryny ösdürmek maksady bilen guralýar. Bäsleşigiň şertine laýyklykda, oňa gatnaşyjylar «Adamlar ozon gatlagyny gorap saklamak we howanyň üýtgemeginiň täsirlerini azaltmak üçin näme edip biler?» diýen tema boýunça görkezme esbap (maket) we taslama işini taýýarlamaly bolarlar. Görkezme esbap ekologiýany we ozon gatlagyny goramak babatda öňe sürülýän çäreleri aýdyň şöhlelendirmelidir. Taslama işiniň göwrümi bolsa degişlilikde 5-10 sahypalyk tekstden ybarat bolmaly.
Bäsleşige hödürlenilýän işler 2025-nji ýylyň 26-njy sentýabryna çenli «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasyna tabşyrylmaly. Işler ýörite düzülen topar tarapyndan kesgitlenen ölçeglere laýyklykda bahalandyrylar.
Salgysy: Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrabynyň Azady köçesiniň 61-nji jaýy.
Telefonlar: 94-03-26(19), +99364 26-84-32.

