Okuwçylaryň dykgatyna: «Elite» halkara olimpiadasy ABŞ-da we Awstraliýada boljak final tapgyra gatnaşmak üçin mümkinçilik döreder

MilliInfo

8 sagat öň

Türkmenistanda «Elite» halkara olimpiadasynyň milli tapgyry geçirilýär. Olimpiada 21-22-nji fewralda «Bilimli Kent» platformasynyñ utgaşdyrmagynda paýtagtymyzda ýerleşýän «Täsir Bilim» okuw merkezinde guralýar.

Oňa ýurdumyzyň ähli künjeginden 3-nji synpdan 12-nji synpa çenli bolan mekdep okuwçylary gatnaşyp bilerler.

Türkmenistanda ilkinji gezek geçirilýän olimpiadanyň sowalnamalary dolulygyna «IELTS» standarty boýunça işlenip düzüldi. Ol okuwçylara eýýäm mekdep ýyllarynda akademiki iňlis dilini kämilleşdirmäge kömek eder. Okamagy, ýazmagy, sözlük goruny hem-de tekstlere doly düşünmegi ösdürer. Finalçylaryň ählisiniň, şol sanda altyn, kümüş we bürünç medallara eýe bolan gatnaşyjylaryň tomus aýlarynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda ýa-da Awstraliýada guraljak final raunda gatnaşmak mümkinçiligine eýe boljakdygyny ýatladýarys. Şol ýerde tapgyra gatnaşjak zehiner üçin dünýäniň abraýly ýokary okuw mekdeplerine gezelençler guralar.   

Bu taslama dünýäniň 20 ýurdunda geçiriler.

Habarlaşmak üçin:

​Telefon: +99362 13 55 99; +99362 42 02 53

E-poçta: info.bilimlikent@gmail.com

​Instagram: @bilimlikent_tm

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info