Türkmenistanda XCEL halkara olimpiadalarynyň milli tapgyryna gatnaşjaklary onlaýn hasaba alnmak dowam edýär. Bu barada Bilim ministrliginiň resmi saýtynda habar berildi.
Habarda aýdylşy ýaly, milli tapgyryň ýeňijileri bäsleşigiň 2026-njy ýylyň ýanwarynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Los-Anjeles şäherinde geçiriljek halkara derejesindäki finalyna gatnaşmak mümkinçiligine eýe bolarlar.
XCEL halkara olimpiadalaryna 3-nji synpdan 12-nji synpa çenli mekdep okuwçylary gatnaşyp biler. Munuň özi zehiniň bilen özüňi dünýä tanatmak, bilimiňi we döredijiligiňi görkezmek hem-de gymmatly tejribe toplamak üçin ajaýyp mümkinçilikdir.
Bäsleşigiň ugurlary:
MathXCEL — matematika, san we logika boýunça özüni synap görmek isleýänler üçin.
CogATXCEL — kognitiw başarnyklar, pikirleniş we intellektual ukyplary ösdürmek üçin.
RobotiXCEL — robototehnika, tehnologiýalara we robot döretmek işine höwesli geljekki inženerler we innowatorlar üçin.
ArtXCEL — sungat, döredijilik bilen täze tehnologiýalary utgaşdyrmak isleýän zehinli çagalar üçin.
Geljek möwsümiň täzelikleri:
RobotiXCEL — emeli intellekt we robototehnika aýratynlyklary girizilen täze gyzykly tabşyryklar.
ArtXCEL — giňeldilen tema: indi gatnaşyjylar emeli intellektiň döredijiligi nähili ruhlandyrýandygyny we sungatyň täze eserlerini döretmäge kömek edýändigini öwrenip bilerler.
Geçen möwsümde türkmen okuwçylary ajaýyp ýeňişleriň nyşany bolan medallar bilen dolanyp geldiler. Munuň özi Türkmenistanyň çagalarynyň dünýä derejesinde zehinlerini görkezmegi başarýandyklarynyň subutnamasydyr.
Onlaýn hasaba alyş dowam edýär:
Web sahypa: xceledu.ai
Instagram: @xceledu.tm
Telefon belgisi: (+99362) 13-55-99