4 — 6-njy oktýabr aralygynda Germaniýanyň Bielefeld şäherinde ýetginjekleriň arasynda mental hasaplamak boýunça dünýä çempionaty geçirildi. Ýaryşa ýurdumyzyň okuwçylarynyň 8-si gatnaşyp, olar üstünlikli çykyş etdiler.
Halkara ýaryşyň şertlerine laýyklykda, okuwçylar matematikanyň 23 temasyny öz içine alýan 30-a golaý sahypadan ybarat bolan sowallara 2 sagadyň dowamynda ýatdan dogry jogap bermek boýunça bäsleşdiler. Şeýle hem olara goşmaça 5 tema boýunça ýumuşlar tabşyryldy.
Çempionata Fransiýa, Çehiýa, Ýaponiýa, Hindistan, Meksika, Müsür, BAE, Günorta Afrika Respublikasy ýaly döwletleriň ýigrimisinden 100-den gowrak ýetginjek gatnaşdy. Biziň okuwçylarymyz 12 ýaşa çenli hem-de 12-15 ýaş toparlary boýunça bäsleşiklere gatnaşyp, ilkinji onluga girmegi başardylar.
Olar şeýle netijelere eýe boldular:
Mekan Nurgeldiýew, Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 41-nji orta mekdebiň okuwçysy, «Kämil bilim» okuw merkeziniň Türkmenabatdaky şahamçasynyň diňleýjisi — 12 ýaşa çenli çagalaryň arasynda 2000-den ýokary ball gazanyp, 4-nji orna mynasyp boldy.
Liwanur Berdiýewa, Aşgabat şäherindäki dil derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 87-nji orta mekdebiň okuwçysy, «Kämil bilim» okuw merkeziniň diňleýjisi — 12—15 ýaşly ýetginjekleriň arasynda 2000-den ýokary ball gazanyp, 6-njy orna mynasyp bolmagy başardy.
Patma Gündogdyýewa, Aşgabat şäherindäki takyk we iňlis dili derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 6-njy orta mekdebiň okuwçysy, «Kämil bilim» okuw merkeziniň diňleýjisi, çempionatyň «Iň ýaş gatnaşyjy» Kubogyna mynasyp boldy.
— Bu halkara ýaryşa gatnaşmak okuwçylarymyz üçin tejribe toplamaga, täze dost tutunmaga uly mümkinçilik berdi. Çünki toparymyzyň agzalarynyň köpüsi şeýle giň gerimli bäsleşige ilkinji gezek gatnaşýar. Bu ýaryşda 2000-den gowrak ball gazanmak ýokary netije hasaplanýar. Bu günki gazanylan netije geljekki üstünliklere tarap möhüm ädim boldy — diýip, «Kämil bilim» okuw merkezleriniň direktorynyň orunbasary Döwletmyrat Durdymämmedow gürrüň berdi.
Türkmen ýetginjekleriniň Germaniýanyň Bielefeld şäherinde geçirilen dünýä çempionatynda üstünlikli çykyş etmegi ýurdumyzyň bilim ulgamyny döwrebap derejede ösdürmäge uly üns berilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.