21-nji awgustda «Kids Expo: hemme zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde köpugurly çäreleri geçirmek üçin döredilen ýöriteleşdirilen kiber, ylym, döredijilik we tagam taýýarlamak, şeýle hem bäsleşikler zolaklarynda uly şowhun höküm sürdi. Şolardan mental arifmetika boýunça çagalaryň arasyndaky aýratyn täsirli boldy.
Bäsleşigiň eminleriniň toparyna ýurduň 16 bilim merkeziniň mugallymlary girdi. Bäsleşigiň esasy bilermeni we hormatly myhmany dünýä belli «MEMORIAD» atly Bütindünýä Olimpiadasynyň esaslandyryjysy Melik Duýar boldy. Onuň gatnaşmagy bu bäsleşigiň ähmiýetini we mental arifmetika boýunça halkara hereketler bilen baglanyşygyny görkezdi.

Çagalar görkezilýän sanlary gysga wagtda hasaplamak arkaly zehin başarnyklaryny görkezdiler. Bu bäsleşigiň çäklerinde ýurdumyzyň zehinli okuwçylary mental arifmetikasynyň üç görnüşi boýunça dünýä rekordyny goýdular. Onda Balkanabat şäherindäki iňlis dili, fizika we matematika derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 22-nji orta mekdebiniň okuwçysy Aly Oraşow 0,3 sekunt tizlik bilen çalşyp duran 150 sany iki belgili sanlary goşmak boýunça ukybyny görkezdi. Yzygiderli bäş gezek dogry netije görkezen Aly dünýä rekordyny goýmagy başardy.
Şeýle-de Türkmenabat şäherindäki 38-nji orta mekdebiniň okuwçysy Rowaç Begenjow 100 sany bir belgili sanlary dogry goşup, yzygiderli üç gezek dogry netije görkezdi. Şeýlelikde, Rowaç dünýä rekordy goýmagyň hötdesinden geldi.
Balkanabat şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 3-nji orta mekdebiniň okuwçysy Mekan Batyrow 8 belgili sanlary on gezek ýatdan çalt we dogry köpeltmek boýunça dünýä rekordyny goýdy.