Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň giriş synaglaryna taýýarlanmak isleýän ýaşlar üçin uly amatlyklary döredýän «MenTalyp» atly täze mobil goşundysy «Google Play» elekron dükanynda elýeterli boldy. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň resmi saýtynda aýdylýar.
Goşundy dört esasy bölümden ybaratdyr. «Esasy» diýen at bilen hödürlenýän bölümde saýlan ýokary okuw mekdebiňize näçe dalaşgäriň resminamalaryny tabşyrandygy we olardan näçesiniň kabul ediljegi baradaky wajyp maglumatlary we giriş synaglaryna galan wagty görüp bilersiňiz. «Sapaklar» bölüminde islendik ders boýunça sapaklar we giriş synaglarynyň soragnamalarynda duşup biljek sowallaryň jogaplary elýeterlidir. Türkmenistanyň ähli ýokary okuw mekdepleriniň sanawy we olaryň ugurlarydyr fakultetleri hakyndaky giňişleýin maglumatlar bolsa «Okuwlar» bölüminde ýerleşdirilýär. «Profil» bölümi ulanyjynyň şahsy maglumatlaryny, töleg kartlaryny girizmek we abuna ýazylmak mümkinçiligini hödürleýär. Tölegler Türkmenistanyň islendik bank karty arkaly amala aşyrylýar. 6 aýlyk abuna bolmagyň bahasy — 30 manat.
Ulanyjylar ilkinji açylyşda adyny, welaýatyny we telefon belgisini girizip, gelen tassyklama koduny ýazmaly. Şeýle hem, girmäge meýil edýän ýokary okuw mekdebini, ugruny, degişli sapaklaryny (meselem, matematika, taryh, iňlis dili) we taýýarlyk wagtyny saýlamak bilen şahsy meýilnama döredip bilýär.
Goşundynyň aýratynlygy tölegli bolmadyk ýagdaýynda hem okuw maglumatlaryny görmek mümkinçiligiň elýeterliligidir.
Has giňişleýin maglumatlar üçin: https://talyp.me.