«Formula-1» filmi üçin döredilen ýaryş topary «Apeks Gran Pri» (APXGP) ady bilen tanalýar, bu bolsa «Mercedes-AMG» tarapyndan taýýarlanan ýörite superkaryň adynda hem öz beýanyny tapýar — «Mercedes-AMG GT 63 APXGP Edition».
Ulagyň reňk çözgüdi filmdäki topara degişli toslama sport ulagynyň reňki esasynda taýýarlanyldy: onuň binýatlyk nusgasy hökmünde ýalpyldamaýan gara reňke altyn reňkli aýratynlyklar goşulypdyr. Ulagyň öň böleginde stile eýe bolan şekildäki pellehana baýdagy ýerleşdirilendir. Gabarada hiç hili hromly bölek ýok.
Salon hem şol bir stildäki dizaýn bilen bezelen: onuň içki bezeginde karbon, «nappa» deri we alkantara ýaly ýokary hilli materiallar ulanylypdyr. Aýratyn ünsüňi çekýän bölekleriň biri-de ýagty sary reňkli ýüplük bilen tikilen özboluşly öwüşginli tigir tikinleridir.
Bu ýerde tehniki üýtgeşme ýok: «APXGP Edition» 585 at güýjüni berýän dört litr göwrümli «V8» motory bilen enjamlaşdyrylandyr. Şeýle hem ulagda karbon materialyndan taýýarlanan aerodinamiki bölekler, uglerod-keramiki saklaýyş ulgamy we ýoluň bökdençliklerini ýeňilleşdirmek üçin niýetlenen öň bölegi galdyryjy ulgam ýerleşdirilendir.