«Mercedes-Benz» täze elektrik krossoweriniň — «GLC with EQ Technology» atly awtoulagynyň resmi tanyşdyrylyşyny gurady. Bu model öňki «EQC-niň» ornuny tutup, «BMW iX3» bilen bäsdeşmek üçin niýetlenendir. Täze «GLC» 2026-njy ýylyň başynda bazara çykarylar.
Täze modeliň esasy dizaýn aýratynlygy — 942 sany LED-den ybarat bolan täze radiator gözenegidir. Gözenek animasiýalary we beýleki wizuallaýşdyrma effektlerini görkezmäge ukyplydyr. Bu aýratynlygy «GLC-niň» dünýäde ilkinji şeýle gözenekli köpçülikleýin öndüriljek awtoulag modeli bolmagyna getirdi. «Mercedes» kompaniýasy bu dizaýn aýratynlygynyň markanyň geljekki ähli modelleriniň tanalýan alamatyna öwrüljekdigini mälim etdi.
Şeýle-de täze «GLC-de» öňki we yzky çyralaryň içindäki üç ýyldyzly ýagtylyk elementleri üns çekýär. Bu aýratynlyk ozal täze «CLA» modelinde hem ulanylypdy.
Salonda bolsa doly täzelenme bolup geçdi: öň paneliň tutuş uzynlygyny eýeleýän 99,3 sm (diýmek bir metr töweregi) ölçegindäki «MBUX Hyperscreen» displeýi ýerleşdirilipdir. Bu ekran sürüjiniň enjam panelini, multimediýa ulgamyny we ýolagçy üçin interfeýsi birleşdirýär. Fiziki düwmeler diýen zat bolsa dolulygyna aradan aýryldy.
Täze «GLC» özboluşly gurluş binýadynyň (arhitekturasynyň) esasynda döredildi. Ulagyň tigir binýady 80 mm çenli giňeldilip, indi 2972 mm-e ýetirilipdir. Şeýle-de awtoulagyň ähli görnüşleri 94 kWt·s göwrümli litiý-ion batareýasyna eýe boldy. Ol ätiýaçlyk energiýasy bilen 713 kilometre çenli ýol geçip bilýär. Bu görkeziji «GLC-ni» nusganyň öňdebaryjy modelleriniň birine öwürýär, ýöne «BMW iX3-den» az-kem yza galýar.
Onuň energiýa alyş tizliginiň hem ýokary bolmagyna garaşylýar: bary-ýogy 10 minutda 300 km ýol üçin energiýa toplap bilýär. Satuwlaryň başynda onuň flagman modeli bolan «GLC 400 4MATIC» hödürlener, onuň kuwwaty 483 at güýjüne ýetýär. Soňra beýleki dört görnüşiň çykarylmagy meýilleşdirilýär.