Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji ýubileý sessiýasyna taýýarlyk görmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Bu barada wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredowyň 29-njy awgustda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde beren hasabatynda beýan edildi.
Bu möhüm resminama umumy parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmek, durnukly ösüş, ulag diplomatiýasy, energetika, sanlylaşdyrmak, ekologiýa hem-de ynsanperwer hyzmatdaşlyk ýaly esasy ugurlaryň birnäçesinden ybaratdyr.
BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň gün tertibine ilkinji gezek «Bitaraplyk — parahatçylygyň we howpsuzlygyň hatyrasyna» atly bent girizilip, onuň çäklerinde «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüş prosesini goldamakda hem-de berkitmekde bitaraplyk syýasatynyň orny we wajyplygy», şeýle hem döwletimiziň halkara jemgyýetçilikde araçylyk tagallalaryna goşýan goşandy hökmünde «Halkara araçylyk güni» atly Kararnamalaryň taslamalaryny hödürlemek teklip edilýär.
Türkmenistan Baş Assambleýanyň ýubileý sessiýasynda 2026 — 2035-nji ýyllar üçin «BMG-niň Durnukly ulag boýunça onýyllygyny» yglan etmek baradaky Kararnamany öňe sürer. Bu başlangyç ulag ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy berkitmäge, täze geçelgeleri döretmäge we ähli ýurtlaryň, şol sanda deňze çykalgasy bolmadyk döwletleriň ulag ulgamyna elýeterliligini üpjün etmäge mümkinçilik berer. Dünýä bazarlaryny energiýa serişdeleri bilen üpjün etmek, önüm öndürijileriň, üstaşyr geçirijileriň we sarp edijileriň arasyndaky gatnaşyklaryň sazlaşykly bolmagyny gazanmak maksady bilen, Türkmenistan «Durnukly ösüşi üpjün etmekde ygtybarly we durnukly energiýa birikmesiniň esasy orny» atly Kararnamanyň taslamasyny hödürlär.
Ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlyk hem Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlarynyň hatarynda beýan edildi. Döwlet Baştutanymyzyň bu ulgamdaky başlangyçlaryndan ugur alyp, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogynyň çäginde «Zenanlar, parahatçylyk we howpsuzlyk» mowzugy boýunça halkara maslahaty geçirmek göz öňünde tutulýar.
Döwlet Baştutanymyzyň başlangyçlary esasynda Türkmenistan hukuk ulgamynda BMG bilen hyzmatdaşlyk babatda halkara hukugyň orny we ähmiýeti barada möhüm teklipleri yzygiderli öňe sürýär. Şolaryň biri hem 2028-nji ýyly «Halkara hukugyň ýyly» diýip yglan etmek bilen baglanyşyklydyr. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyz geljekki ýyllarda BMG-niň düzüminiň degişli geňeşlerinde agza hökmünde işjeň çykyş eder, şeýle hem 2031-2032-nji ýyllarda Howpsuzlyk geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna we beýleki saýlawly wezipelere ýurdumyzyň saýlanmagy boýunça taýýarlyk işleri dowam etdiriler.
Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynda ileri tutýan garaýyşlaryny Birleşen Milletler Guramasynyň Sekretariatyna ibermek, olary bu guramanyň agza ýurtlarynyň arasynda beýan etmek we agzalan resminamanyň mazmuny barada milli we halkara köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde maglumatlary ýerleşdirmek göz öňünde tutulýar.

