7-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylarynyň BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen wekiliýetleriň agzalarynyň birnäçesi bilen duşuşyklary geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi saýtynda habar berildi.
Türkmen tarapy Portugaliýada geçiriljek «Web Sammit 2025» maslahatyna çagyryldy
Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Portugaliýa Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Döwlet sekretary Ana Izabel Ksawýeriň arasynda duşuşyk geçirildi.
Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Portugaliýanyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny we ösüşiniň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Mundan başga-da, halkara düzümleriň, hususan-da BMG-niň çägindäki gatnaşyklara garaldy.
Diplomatlar okeanografiýa, sanlylaşdyrma we beýleki özara gyzyklanma bildirilýän ugurlarda hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şu nukdaýnazardan Ana Izabel Ksawýer türkmen tarapyny şu ýyl Portugaliýada geçiriljek Web Sammit 2025 maslahatyna gatnaşmaga çagyrdy.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar birek-birege hormat goýmak we deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan konstruktiw hyzmatdaşlygy berkitmäge isleglerini beýan etdiler.
Halkara düzümleriň çägindäki hyzmatdaşlygy berkitmegiň mümkinçiliklerine garaldy
Ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Raşid Meredow bilen Butan Patyşalygynyň Daşary işler we daşary söwda ministri Dina Nat Dungýeliň arasynda duşuşyk geçirildi.
Taraplar syýasy-diplomatik ugurda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Diplomatik gatnaşyklary ýola goýmak we halkara düzümleriň çägindäki hyzmatdaşlygy berkitmegiň mümkinçiliklerine garaldy.
Türkmenistanyň daşary işler ministri ýurduň daşary syýasatynyň esasy ugurlaryny, hususan-da ýurtlaryň we halklaryň arasynda parahatçylygy we ynanyşmagy ösdürmekde öňüni alyş diplomatiýasynyň we oňyn bitaraplygyň ähmiýetini belledi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň sebit we halkara derejelerde äden anyk ädimleri nygtaldy.
Taraplar özara gyzyklanma bildirilýän ähli ugurlarda özara bähbitli gatnaşyklary giňeltmek boýunça işlemek barada ylalaşdylar.
Afrika Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň mümkinçilikleri seljerildi
Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Efiopiýa Federal Demokratik Respublikasynyň Ulag we logistika ministri Alemu Sime Feýsanyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar söwda-ykdysady gatnaşyklarda ünsi jemläp ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Ýokary we iň ýokary derejelerdäki özara saparlaryň döwletara gatnaşyklarynyň ösmeginde aýratyn orun eýeleýändigi bellenildi. Şu nukdaýnazardan syýasy geňeşmeleriň yzygiderli geçirilmeginiň ähmiýeti nygtaldy.
Diplomatlar halkara guramalarynyň, hususan-da BMG-niň çägindäki iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýetini bellediler. Afrika Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň mümkinçiliklerine garaldy.
Diplomatik gatnaşyklary ýola goýmaga iki ýurduň gyzyklanma uly
Raşid Meredow bilen Lesoto Patyşalygynyň Daşary işler we halkara gatnaşyklar ministri Ležone Mpotžoaneniň arasynda duşuşyk boldy.
Duşuşygyň dowamynda diplomatlar Türkmenistan bilen Lesoto Patyşalygynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şu nukdaýnazardan ýakyn wagtda diplomatik gatnaşyklary ýola goýmaga iki ýurduň gyzyklanmasy beýan edildi.
Taraplar iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky yzygiderli dialogyň ähmiýetini bellediler. Söwda-ykdysady ugurda, şol sanda oba hojalygy we gidroenergetika pudagynda hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagy bilen baglanyşykly meseleler boýunça pikir alşyldy.
Diplomatlar halkara guramalarynyň, hususan-da BMG-niň çägindäki hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýetini nygtadylar hem-de parahatçylyk we durnukly ösüşiň hatyrasyna özara goldaw bermek tejribesini dowam etdirmek isleýändiklerini bellediler.
Ilkinji «Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi» sammitiniň ähmiýeti bellendi
Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow ÝB-niň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili Eduards Stipraýsyň ýolbaşçylygyndaky Ýewropa Bileleşiginiň wekiliýeti bilen duşuşdy.
Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen ÝB-niň arasyndaky syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlyk bilen bagly meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar.
Taraplar şu ýylyň aprel aýynda geçirilen ilkinji «Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi» sammitiniň ähmiýetini bellediler.
Mundan başga-da, taraplar Ýewropa Bileleşiginiň «Global Gateway» strategiýasynyň çäginde energetika we ulag geçelgelerini ösdürmek, sanlylaşdyrma we beýleki ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar.
Taraplar «Türkmenistan – ÝB» bilelikdäki komitetiniň, Parlamentara dialogyň we hyzmatdaşlygyň beýleki mehanizmleriniň yzygiderli işiniň netijeli häsiýetini kanagatlanma bilen bellediler.
Konstruktiw hyzmatdaşlygy dowam etdirmek barada ylalaşyldy
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Slowakiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi (oturýan ýeri Daşkent ş.) Wiktor Boreskiniň arasynda duşuşyk geçirildi.
Taraplar iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyna baha berdiler hem-de ikitaraplaýyn we halkara düzümleriň çäginde ileri tutulýan ugurlary ara alyp maslahatlaşdylar. Bu ýerde halkara platformalarynda konstruktiw hyzmatdaşlygy dowam etdirmek barada ylalaşyldy.
A.Gurbanowyň 2024-nji ýylda Slowakiýa Respublikasyna amala aşyran saparynyň syýasy geňeşmeleri we ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirmek üçin netijeli häsiýeti nygtaldy.
Duşuşykda slowak tarapy şu ýylyň dekabrynda Aşgabatda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna gatnaşmaga gyzyklanma bildirdi.
Hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýady kämilleşdiriler
Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Filippinler Respublikasynyň daşary işler ministriniň köptaraplaýyn gatnaşyklar we halkara ykdysady gatnaşyklar meseleleri boýunça orunbasary Çarlz Hoseniň arasynda duşuşyk geçirildi.
Gepleşikleriň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Diplomatlar 2024-nji ýylda Türkmenistan wekiliýetiniň Filippinler Respublikasyna amala aşyran saparynyň netijeli häsiýetini bellediler we iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeleri geçirmek tejribesini dowam etdirmegiň zerurdygyny bellediler.
Taraplar hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadyny kämilleşdirmegiň mümkinçiliklerine garadylar.
Türkmenistan Bled şäherindäki Strategiki foruma çagyryldy
Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Sloweniýa Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi (oturýan ýeri Moskwa ş.) Alenka Suhadolnigiň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-slowen gatnaşyklarynyň syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky möhüm taraplaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
Hanym Suhadolnik BMG-niň Awazadaky maslahatynyň ýokary guramaçylyk derejesini belläp, görkezilen myhmansöýerlik üçin minnetdarlyk bildirdi. Ol türkmen tarapyny Merkezi Aziýa bagyşlanjak çäreleriň biri bolan Bled şäherindäki Strategiki foruma gatnaşmaga çagyrdy.
Taraplar özara gyzyklanma bildirilýän ähli ugurlarda işjeň hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge ygrarlydyklaryny beýan etdiler.