Mergen Orazow: «Arkadag» toparynyň futbolçylary «Al-Nassr» bilen boljak möhüm duşuşyga doly taýýar»

MilliInfo

8 sagat öň

Az wagt mundan öň paýtagtymyzdaky Olimpiýa stadionynyň maslahatlar zalynda ýurdumyzyň «Arkadag» futbol toparynyň AFK-nyň Çempionlar ligasy 2 bäsleşiginiň 1/8 finalynda Saud Arabystanynyň «Al-Nassr» topary bilen geçirjek duşuşygynyň öňüsyrasyndaky metbugat maslahaty tamamlandy. Maslahata Arkadag şäheriniň toparynyň tälimçisi Mergen Orazow hem-de klubuň goragçysy Güýçmyrat Annagulyýew gatnaşdy.

Mergen Orazow taryhy duşuşygyň duýgularyň üstüni ýetirýändigini tassyklady hem-de toparyň möhüm oýna ýüz göterim taýýarlykly gelendigini belledi.

— Saud Arabystanynyň «Al-Nassr» topary bilen boljak duşuşyk — bu biziň öz güýjümizi görkezmegimiz üçin ajaýyp mümkinçilik. Biziň futbolçylarymyz möhüm oýna ýokary derejede taýýarlyk gördüler — diýip, «Arkadag» toparynyň tälimçisi belledi.

Toparyň zehinli futbolçysy Güýçmyrat Annagulyýew bolsa Arkadag şäheriniň klubunyň gowy netijesi bilen ildeşlerimizi begendirjekdigine ynanýandygyny beýan etdi.

— Özümize ynamymyz uly. Nesip bolsa, gowy netije görkezeris — diýip, G.Annagulyýew Saud Arabystanynyň dünýä ýyldyzlaryny özünde jemleýän kluby bilen boljak oýun hakyndaky garaýşyny paýlaşdy.

Metbugat maslahatynda Mergen Orazow hem-de Güýçmyrat Annagulyýew žurnalistleriň beren täsirli sowallaryna jogap berdiler.

Metbugat maslahatyndan soň Olimpiýa stadionynyň döwrebap ýaşyl meýdanynda «Arkadag» toparynyň möhüm duşuşygyň öňüsyrasyndaky ahyrky türgenleşigi geçirildi.

Biz hem «Arkadag» futbol toparynyň AFK-nyň Çempionlar ligasy 2 bäsleşiginiň 1/8 finalynda Saud Arabystanynyň «Al-Nassr» topary bilen geçirjek duşuşygyny ýeňiş bilen jemlemegini arzuw edýäris.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info