«Merhaba Sungat Gallery» — sungatyň kämil ojagy

MilliInfo

3 sagat öň

«Merhaba Sungat Gallery» — sungatyň kämil ojagy

«Merhaba» sungat galereýasy «Aşgabat» söwda-dynç alyş merkeziniň «C» blogunda ýerleşýär. Bu ýerde dürli nakgaşçylyk eserleri we elde taýýarlanan önümler hödürlenilýär. Ajaýyp galereýa gelýänler suratkeşler Gülşat we Şemşat Annamyradowalaryň döredijiligi bilen tanşyp, bu ýerde hödürlenýän önümleri we nakgaşçylyk eserlerini satyn alyp bilerler.

Gülşat we Şemşat Annamyradowalar 2015-nji ýylda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasyny tamamlap, ele alan ajaýyp sungatyny telekeçilik bilen utgaşdyrdylar. Olar şol sungat ojagynda halypa mugallym Annamämmet Hojanyýazowdan tälim alypdyrlar. Şemşat Annamyradowa häzirki wagtda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasydyr. Gülşat bolsa Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzasy. Zehinli sungat ussatlary öz döredijilik işlerinde şekillendiriş sungatyny, dizaýny we milli bezeg ugurlarynyň kämil nusgalaryny sazlaşykly alyp barýarlar.

«Merhaba Sungat Gallery» — ýürekden döredilen sungat. Bu ýerde el bilen çekilen suratlardan başga-da, şopperlerdäki we köýneklerdäki ýazgylar döredilip, ajaýyp önümler müşderileri ýüpsüz baglaýar. «Merhaba» sungat galereýasy — görüp hem geýip bolýan kämil sungat. Çünki ajaýyp şekillerdir ýazgylar bilen bezelen lybaslaryň egniňizde bolmagy töweregiňizdäkileriň gözünde siziň özboluşlylygyňyzy şöhlelendirer. 

Çeper ekspozisiýanyň esasy bölegini olaryň Türkmenistanyň tebigatyna we gözel ýerlerine bagyşlanan ýagly we suwly boýaglar bilen çekilen suratlary, şeýle hem kalligrafiki eserleri düzýär. «Merhaba» sungat galereýasynda «Awaza Ýelkeni», «Garagumyň säheri», «Gülälekler» ýaly suratlar we beýleki çeper eserler görkezilýär.

Suratkeşleriň döredijiliginiň aýratyn bir ugruny elde taýýarlanýan önümler düzýär. Eksklýuziw şopperler we torbalar, şeýle hem milli özboluşly zenan donlary öz beýanyny tapýar. Olaryň gelin-gyzlar üçin taýýarlanan donlara, çabytlara hem-de ýeňsizlere boýaglar arkaly geçirýän nagyşlarydyr şekilleri bolsa göreni haýrana goýýar. Önümleriň käbirleri müşderileriň aýratyn sargytlary esasynda hem taýýarlanylýar.

Şemşat Annamyradowanyň elde çeken suratlarynyň torbalary bezemegi, şekilleriň ýokary hili müşderileriň ýokary bahasyna eýe bolýar. Alyjylar olara uly isleg bildirýärler.

Bu ýerde görkezilýän işler professional çeperçilik biliminiň, milli däp-dessurlaryň we telekeçilik işiniň häzirki zaman döredijilik taslamalarynda özara utgaşýandygynyň aýdyň mysalydyr.

Şunuň ýaly başlangyçlaryň ösdürilmegi Watanymyzda kiçi we orta telekeçiligi goldamak boýunça alnyp barylýan döwlet syýasatynyň miwesidir. Çünki türkmen halkynyň Milli Lideriniň belleýşi ýaly, telekeçiler ýurdumyzyň altyn gaznasydyr.

Watanymyzda telekeçiligi ösdürmek üçin zerur şertleriň döredilmegi bilen Diýarymyzda täze önümleriň hem hyzmatlaryň giň toplumyny hödürleýän taraplaryň ýüzlerçesi kaşaňlygyň ýokary derejesini üpjün etmekde ähmiýetli bolan mümkinçilikleri halkymyza ýetirýärler. Şemşat Annamyradowanyň alyp barýan özboluşly telekeçilik işi hem jemgyýetimizde uly islegden peýdalanýan ugur bolup, onuň galereýasy gözellige sarpa goýýan watandaşlarymyzyň iň bir gelim-gidimli ýerine öwrülýär.

Salgysy: «Aşgabat» söwda-dynç alyş merkeziniň ikinji gaty, «C» blok, (C-2.48). «Merhaba» sungat galereýasy

Habarlaşmak üçin: +993 71425719

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info