WTTC: Merkezi Aziýa 2025-nji ýylda syýahatçylygyň iň çalt ösen sebiti hasaplanyldy

MilliInfo

21 Awgust, 2026

WTTC: Merkezi Aziýa 2025-nji ýylda syýahatçylygyň iň çalt ösen sebiti hasaplanyldy

Bütindünýä syýahat we syýahatçylyk geňeşiniň (WTTC) hasabatyna görä, Merkezi Aziýa 2025-nji ýylda dünýäde syýahatçylyk pudagynyň iň çalt ösýän sebit hökmünde ykrar edildi. Degişli döwürde pudagyň sebitiň jemi içerki önümine (JIÖ) goşan goşandy (bir ýylda) 17,7% artyp, bu ugurda ähli sebitleriň arasynda iň ýokary görkeziji hökmünde hasaba alyndy. Bu barada «Zaman Türkmenistan» gazeti habar berdi.

Geçen ýyl syýahatçylyk pudagy Merkezi Aziýanyň ykdysadyýetine 20,1 milliard amerikan dollary möçberinde peýda getirip, sebitiň JIÖ-niň 4,3 göterimini üpjün etdi. WTTC-niň çaklamalaryna görä, 2026-njy ýylda bu görkezijiniň 21,7 milliard amerikan dollaryna ýetmegine garaşylýar. Munuň özi 2019-njy ýylyň görkezijileri bi len deňeşdirilende, syýahatçylygyň ykdysadyýete goşan goşandynyň 27,1% artandygyny görkezýär. Sebitde syýahatçylyk çykdajylarynyň umumy möçberi 15,4 milliard dollara ýetip, munuň 9,9 milliard dollary daşary ýurtly syýahatçylaryň, 5,5 milliard dollary bolsa içerki syýahatçylaryň paýyna düşdi.

Çykdajylaryň agramly bölegi, dynç alyş we güýmenje ugurlaryna gönükdirildi. Pudagyň ösüşi zähmet bazaryna hem oňyn täsirini ýetirdi. 2025-nji ýylda sebitiň syýahatçylyk pudagynda 1,7 million adam zähmet çekip, iş bilen üpjünçilik öňki ýyl bilen deňeşdirilende, 9,5% ýokarlandy. Hünärmenleriň çaklamalaryna görä, 2036-njy ýyla çenli bu görkeziji 2,2 million iş ornuna ýeter. Mundan başga-da, syýahatçylyk infrastrukturasyna gönükdirilen maýa goýumlaryň möçberi 12,4% artyp, Merkezi Aziýa bu ugurda dünýäde öňdebaryjy üç sebitiň hataryna girdi.

Bellenilişi ýaly, 2025-nji ýylda sebit ýurtlaryna gelen syýahatçylaryň agramly bölegini goňşy döwletleriň raýatlary düzdi. Syýahatçylaryň 29 göterimi Gazagystana, 22 göterimi Özbegistana, 20 göterimi Russiýa Federasiýasyna, 19 göterimi Gyrgyz Respublikasyna, 2 göterimi Hytaýa, galan 8 göterimi bolsa dünýäniň beýleki ýurtlaryna degişlidir. Hasabatda Özbegistanyň medeni-bilim syýahatçylygynda öňdebaryjy ornuny saklaýandygy, Gazagystan bilen Gyrgyz Respublikasynyň bolsa degişli infrastrukturany işjeň ösdürýändigi bellenilýär.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info