Çarşenbe güni Hytaý — Gyrgyzystan — Özbegistan — Türkmenistan halkara multimodal ulag ugrunyň synag görnüşinde işe girizilmegine badalga berildi. Bu barada «newscentralasia.net» habar berýär.
Bu ulag geçelgesi multimodal ulag ugurlarynyň ikisini öz içine alýar. Olaryň çäginde ýükler Hytaýyň demirgazyk-günbataryndaky Şensi welaýatynyň Sian şäherinden we günorta-günbataryndaky Sıçuan welaýatynyň Çendu şäherinden demir ýol arkaly Kaşgara getirilip, şol ýerde jemlenilýär. Soňra bolsa ýükler Hytaý bilen Gyrgyzystanyň arasyndaky Irkeştam gözegçilik geçelgesinden geçirilýär.
Ugurlaryň birinde awtoulag we demirýol transporty ulanylýar: ilki bilen ýük awtoulaglary arkaly Kaşgardan Gyrgyzystana ugradylyp, şol ýerde ýükler demir ýol otlularyna geçirilýär. Şondan soň harytlar halkara deňiz porty bolan Türkmenbaşy şäherine getirilýär. Bu ýerden bolsa Hazar deňzinden geçip, Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäherine ýetirilýär.
Beýleki ugur bolsa ilkinji gezek ulanylýar. Hytaýyň awtoulaglary ýükleri şu ugur boýunça şol bir ýol bilen göni Gyrgyzystan, Özbegistan arkaly Türkmenistana ýetirýärler. Olaryň iň soňky barmaly nokady — Aşgabat şäheri.
Şeýlelik bilen, Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Hytaý Ýewraziýa yklymynyň logistika ulgamynda täze mümkinçilikleri açýarlar. Bu ulgamda Gyrgyzystan (Merkezi Aziýa bilen Hytaýyň araçägindäki esasy nokat hökmünde), şeýle hem Kawkaza çykalgany açýan deňiz porty arkaly Türkmenistan diýseň möhüm orny eýeleýär.
