Ýakynda Özbegistanda geçirilen ýetginjekleriň we ýaşlaryň arasyndaky Aziýa çempionatynyň çäklerinde Aziýanyň agyr atletika federasiýasy Merkezi Aziýanyň agyr atletika federasiýasyny döredilmek boýunça guramaçylyk ýygnagyny geçirdi.
Täze döredilen federasiýanyň ýolbaşçysy wezipesine Özbegistanyň wekili Şahrillo Mahmudow bellenen bolsa, Türkmenistanyň Agyr atletika milli federasiýasynyň Baş kätibi, halkara derejeli emin Çarygeldi Mämmedow onuň orunbasary wezipesine saýlandy.
Bu möhüm wezipä türkmen hünärmeniniň saýlanmagy Türkmenistanyň halkara agyr atletika ulgamynda gazanan üstünlikleriniň, dünýä derejesindäki tejribesiniň we hünär ussatlygynyň ýokary baha eýe bolýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Türkmen sportunyň abraýyny halkara derejesinde has-da belende göterjek şeýle üstünlikleriň dowamly bolmagyny arzuw edýäris!
