«Firebase Studio Championship» — bu öz ideýalaryny hakyky programmalara öwürmäge taýýardyklaryny görkezip, baýraklar ugrunda bäsleşmäge isleg bildirýän programmistleriň bäsleşigi.
Esasy seneler
26-njy awgust — 20-nji sentýabr: hasaba almak we taýýarlanan programma.
20-23-nji sentýabr: Merkezi Aziýadan finalçylaryň yglan edilmegi.
30-njy sentýabr: Astanadaky jemleýji pitçler we çempionatyň bäş ýeňijisiniň yglan edilmegi.
Gatnaşyjylardan edilýän talaplar:
Gatnaşyjy fiziki taýdan Merkezi Aziýada ýerleşmeli. Taslama hökmany suratda «Firebase Studio» ulanylyp döredilmeli we işe girizilmeli. Taslamada hökmany ýagdaýda «Gemini API» integrirlenmeli we ulanylmalydyr. Şeýle hem taslama gatnaşmak üçin hökmany suratda «Google Cloud Platform ID» eýelik etmeli.
Baýraklar we sylaglar:
Ýeňijiler pul baýraklaryna eýe bolarlar: 500 $, 400 $, 300 $ ýa-da 200 $.
Bahalandyrmagyň talaplary:
— mesele bilen çözgüdiň sazlaşygy
— prompting ulanmak we gaýtalama
— prototipiň iş mümkinçiligi we hil derejesi
— kreatiwlik we özboluşlylyk
— pitç (gysgaça hödürleme) we tanyşdyrylyş.
Bellige aldyrmak üçin 15-nji sentýabra çenli görkezilen salgydan peýdalanyp bilersiňiz.