Kriştianu Ronaldu Portugaliýanyň ýygyndysyndaky karýerasyny tamamlaýandygyny yglan etdi

MilliInfo

2 sagat öň

Kriştianu Ronaldu Portugaliýanyň ýygyndysyndaky karýerasyny tamamlaýandygyny yglan etdi

Hüjümçi Kriştianu Ronaldunyň Portugaliýanyň milli ýygyndysyndaky karýerasyny tamamlamak kararyny kabul edendigini «O Jogo» neşiri habar berýär.

Çeşmede bu kararyň gutarnyklydygy we yzyna gaýtaryp bolmajak netijedigi bellenilýär. Hüjümçi mundan beýläk Portugaliýanyň adyndan çykyş etmez, Milletler ligasynyň 1-nji tapgyrynda Uels bilen geçirilen duşuşyk (1:0) bolsa onuň milli ýygyndynyň düzümindäki iň soňky oýny boldy.

Žezuşyň tanymal futbolçy bilen aralarynda hiç hili düşünişmezligiň ýokdugy baradaky beýanatlaryna garamazdan, Ronaldu milli ýygyndynyň türgenleşigini terk etdi we topar bilen Daniýanyň arasynda Milletler ligasynyň 3-nji tapgyrynyň oýnunyň geçiriljek ýerinden — Kopengagen şäherinden ýakyn sagatlarda uçup gider. Şunuň bilen baglylykda, tälimçi metbugat maslahatynda daniýalylar bilen boljak duşuşykda Ronaldunyň meýdança çykyp bilmezlik ähtimallygyny mälim etdi. Hüjümçiniň hut özi hem ýygyndynyň türgenleşik binýadyny terk etmek karary barada ýörite beýanat bilen çykyş etdi.

«Milli ýygyndynyň baş tälimçisiniň metbugat maslahatyndan hem-de Portugaliýanyň Futbol federasiýasynyň prezidenti bilen bolan söhbetdeşlikden soň men milli ýygyndynyň okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny terk etmek baradaky kararymy kabul etdim.

Öz wagty gelende, hemişe bütin durkum bilen gulluk eden milli ýygyndymdan gitmegime sebäp bolan ýagdaýlar baradaky hakykaty ähli portugaliýalylara açyk aýdyp bererin.

Häzir bolsa Portugaliýa we topar boýunça ähli ýoldaşlaryma, hiç birini çetde goýmazdan, ak ýürekden üstünlik arzuw etmegiň wagtydyr», — diýip bellän Ronaldunyň sözlerini žurnalist Fabrisio Romano «X» sosial torundaky sahypasynda getirýär.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info