Sentýabryň gelmegi bilen, ýollaryň gatnawy adatdakylardan has-da artýar — tomus möwsüminiň tamamlanmagy bilen mekdep okuwçylary, talyplar we zähmetkeşler adaty okuw hem-de iş depginine dolanýarlar. Herekete gatnaşyjylary ýollardaky ýokary işjeňlige uýgunlaşdyrmak maksady bilen, degişli ministrlikler we pudaklaýyn edaralar öňüni alyş çäreleriniň toplumlaýyn meýilnamasyny işläp düzdüler.
Geçiriljek çäreleriň toplumy «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» diýen hemişelik şygar astynda guralar. Maksatnamany durmuşa geçirmäge hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri çekildi. Bu başlangyjyň esasy maksady — ýol hereketiniň kadalaryny (ÝHK), köçelerde medeniýetli özüňi alyp baryş kadalaryny we tertip-düzgüni raýatlaryň ähli gatlaklarynyň, aýratyn-da, ýaş nesliň arasynda giňden wagyz etmekden ybaratdyr.
Şeýlelikde, bütin aýyň dowamynda ýurdumyzyň kärhanalarynda, edaralarynda we okuw mekdeplerinde birnäçe maglumat hem aň-bilim duşuşyklarynyň geçirilmegi meýilleşdirildi:
guramalaryň işgärleri üçin «tegelek stollaryň», mowzuklaýyn ara alyp maslahatlaşmalaryň we açyk maslahatlaryň guralmagy.
mekdeplerde we ýokary okuw mekdeplerinde ýollarda howpsuz özüňi alyp barmagyň endiklerini öwretmäge gönükdirilen ýörite howpsuzlyk sapaklary we düşündiriş işleri.
Ýol hereketiniň kadalaryny berjaý etmek — her bir sürüjiniň, pyýadanyň we welosipedçiniň şahsy jogapkärçiligidir. Ýollarda özara hormat goýmak we jogapkärçiligi duýmak jemgyýetiň ähli agzalarynyň ömrüni hem-de saglygyny gorap saklamagyň girewidir.
