Messi garaşylmadyk transfere diýseň ýakyn: Argentinaly ýyldyz MLS-däki arakesme sebäpli, «Galatasaraýa» geçip biler

MilliInfo

15 sagat öň

«Inter Maýami» toparynyň hüjümçisi Lionel Messi MLS-däki arakesme sebäpli, kärendesine Türkiýäniň «Galatasaraý» klubuna geçip biler. Bu barada žurnalist Zeki Uzundurukanyň hödürlän maglumatyna salgylanýan «Матч ТВ» habar berýär.

Ozal Messiniň MLS-iň arakesmesinde dünýä çempionatynyň öňüsyrasynda öz oýun mümkinçiligini saklamak üçin Saud Arabystanynyň klublarynyň birine geçmek isländigi, emma munuň käbir sebäpler bilen baglylykda, başa barmandygy habar berlipdi.

Oktýabryň ahyrynda 38 ýaşly Messi «Inter Maýami» bilen şertnamasyny 2028-nji ýyla çenli uzaltdy.

Çeşmäniň maglumatynda «Galatasaraýyň» skaut toparynyň argentinaly oýunçynyň ýagdaýyny üns bilen yzarlaýandygy, türk klubunyň oňa dört aýlyk şertnama teklip etmäge taýýardygy tassyklanylýar. Ýeri gelende bellesek, şu möwsümde türk kluby UEFA Çempionlar ligasynda çykyş edýär. Argentinaly futbolçynyň geçmeginiň bolsa toparyň netijelerine oňyn täsir etjekdigi şübhesizdir.

Messi «Altyn top» baýragynyň sekiz gezek eýesidir. Hüjümçi Argentinanyň ýygyndy toparynyň düzüminde 2022-nji ýylyň dünýä çempiony, Amerikanyň Kubogynyň eýesi (2021, 2024) hem-de Olimpiýa oýunlarynyň (2008) ýeňijisi boldy.

2026-njy ýylyň dünýä çempionaty 2026-njy ýylyň 11-nji iýuny — 19-njy iýuly aralygynda ABŞ-da, Kanadada hem-de Meksikada geçer.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo