Topar janköýerleriň ses bermeginiň netijeleri we oýunçylaryň statistiki görkezijileri esasynda düzüldi. Geliň, iň gowularyň hataryna kimleriň goşulandygyna seredeliň!
Oýun shemasy — 4-3-3.
Derwezede — ýaryşyň esasy sensasiýasy, Vozinýa (Kabo-Werde).
Goragy Pedro Porro (Ispaniýa), Lisandro Martines (Argentina), Daýo Upamekano (Fransiýa) we Mark Kukurellýa (Ispaniýa) emele getirdi.
Meýdançanyň merkezinde ýaryşyň iň gowy oýunçysy diýip yglan edilen Rodri (Ispaniýa), Maýkl Olise (Fransiýa) we Jud Bellingem (Angliýa) ýerleşdi.
Hüjümde bolsa islendik tälimçiniň arzuw edýän ýyldyz üçlügi: Lionel Messi (Argentina), Erling Holand (Norwegiýa) we Kilian Mbappe (Fransiýa).
FIFA-nyň maglumatlaryna görä, 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň kämil topary hut şu görnüşde boldy.
