Messi ABŞ-da galar: «Inter Maýami» superýyldyz bilen şertnama baglaşdy

MilliInfo

28 Sentýabr, 2025

Dünýä futbolynyň ýyldyzy Lionel Messi we «Inter Maýami» kluby ozalky şertnamany uzaltmak barada ylalaşyga geldiler. Tanymal žurnalist Nikolo Skiranyň habar bermegine görä, argentinaly hüjümçiniň täze şertnamasy 2028-nji ýyla çenli güýjüni saklar. Messiniň häzirki şertnamasy şu ýylyň ahyrynda tamamlanýardy.

Şertnamanyň uzaldylmagy Messiniň 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatyna we 2028-nji ýyldaky Amerika Kubogyna Argentinanyň ýygyndysynyň düzüminde gatnaşmak baradaky meýillerini amala aşyrmagyna mümkinçilik berer.

Skira täze şertnamada möhletinden öň ýatyrmak mümkinçilikleriniň hem göz öňünde tutulandygyny habar berýär: Messi 2026-njy ýylyň ahyrynda, «Inter Maýami» bolsa 2027-nji ýylyň ahyrynda hyzmatdaşlygy bes edip biler.

Häzirki wagtda Lionel Messi Demirgazyk Amerika ligasynda 24 gol bilen iň köp tapawutlanan oýunçy bolup durýar we ol «Inter Maýami» toparynyň düzüminde ýokary netijeliligini we ýolbaşçylyk ukyplaryny görkezmegi dowam etdirýär.

2023-nji ýylyň tomsunda kluba geçenden bäri Messi 78 oýun geçirdi, bu oýunlarda 66 gol we 32 netijeli pas bilen tapawutlandy. Bu döwürde ol topara Ligalar Kubogyny (2023) gazanmaga we MLS-iň yzygiderli çempionatynyň (2024) ýeňijisi bolmaga kömek etdi.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info