Dünýä çempionaty — 2026-nyň ýarym finalynda Argentina Angliýanyň ýygyndysyndan 2:1 üstün çykyp, möhüm ýeňşe eýe boldy. Bu üstünlikden soň, Lionel Messiniň öz karýerasynda dokuzynjy gezek «Altyn topa» mynasyp bolmak mümkinçiligi has-da artdy.
«Polymarket» platformasynyň berýän maglumatlaryna görä, Messiniň bu abraýly baýragy almak mümkiçiligi 41,8 %-e ýetdi. Sanawda argentinaly ýyldyzdan soňra ispaniýaly Lamin Ýamal (30,3%), angliýaly Garri Keýn (17,8%) we baýragyň häzirki eýesi bolan fransiýalyz Usman Dembele (3,4%) bar.
Messi şu gezekki dünýä çempionatynda geçiren 7 oýnunda 8 gol urmagy we 4 ýardam pasyny bermegi başardy. Ol häzirki wagtda gol geçirmekde ýaryşyň iň netijeli oýunçylarynyň sanawynda Fransiýanyň hüjümçisi Kilian Mbappe bilen öňdeligi paýlaşýar.
Esasy bäsdeş — Ýamal
Indi esasy üns 19-njy iýulda geçiriljek final duşuşygyna gönükdiriler. Eger Ispaniýa ýeňiş gazansa we Ýamal oýnuň gahrymanyna öwrülse, onuň futbol taryhyny täzelemäge pursady dörär. Emma Argentina bassyr ikinji gezek çempionlygy eýelese, Messi dokuzynjy «Altyn topyny» aljagyna hiç şübhe bolmaz.
Messi bu baýragy almak boýunça dünýä rekordyna eýedir. 39 ýaşly hüjümçi şu wagta çenli sekiz gezek (2009, 2010, 2011, 2012, 2015, 2019, 2021, 2023) bu baýraga mynasyp boldy. Onuň iň ýakyn bäsdeşi Kriştianu Ronaldunyň bolsa bäş sany «Altyn topy» bar.
Ýarym final oýunlary Garri Keýni we Kilian Mbappeni baýrak ugrundaky esasy bäsdeşlikden çykardy. Argentina bilen Ispaniýanyň arasyndaky taryhy final 19-njy iýulda geçiriler. Şol gün Messiniň dokuzynjy «Altyn topy» aljakdygy ýa-da Ýamalyň 19 ýaşynda iň ýaş baýragyň eýesi boljakdygy belli bolar. «Altyn topyň» gowşurylyş dabarasy bolsa 26-njy oktýabrda Londonda geçiriler.
