Puşkaşyň rekordyny täzelän Messi futboluň taryhynda iň köp assist eden oýunçy boldy

MilliInfo

2 Dekabr, 2025

Lionel Messi täze taryhy rekordyň eýesi hökmünde bellige alyndy. Ol dünýä futbolunyň taryhyna iň köp gol pasyny beren oýunçy hökmünde girdi. Argentinaly ýyldyz bu ugurda rowaýata öwrülen wenger futbolçysy Ferens Puşkaşyň görkezijisini yzda galdyrdy. MLS-iň pleý-off tapgyrynda «Inter Maýami» bilen «Nýu-Ýork Siti» toparynyň arasyndaky duşuşykda 38 ýaşly hüjümçi 405-nji netijeli pasyny berdi. Zehinli futbolçynyň bu pasyny onuň watandaşy Mateo Silwetti gol bilen jemlemegiň hötdesinden geldi.

Mundan öňki rekord 404 gol pasy bilen futboluň taryhyna giren wenger ussady Ferens Puşkaşa degişlidi.

Galyberse-de, Messi ýene bir görkeziji boýunça netijeleriniň sanawyny artdyrdy — MLS-iň Gündogar konferensiýasynyň pleý-off tapgyrynyň ýeňijisi bolup, karýerasyndaky 47-nji derejesini aldy. Bu görkeziji taryhda islendik futbolçynyň gazanan kuboklarynyň sanyndan artykdyr.

Argentinaly super ýyldyz umumy statistikasy boýunça-da üýtgeşik görkezijä eýe: Ol 1135 oýunda 1301 gezek netijeli hereketi (896 gol we 405 pas) bilen tapawutlandy. Deňeşdirme hökmünde bellesek, onuň köne bäsdeşi Kriştianu Ronaldu has köp oýnunda (1298) 1213 netijeli hereket etdi.

Messi «Inter Maýami» üçin 87 oýunda çykyş edip, 77 gol geçirdi we 42 gol pasyny berdi. Onuň klup bilen şertnamasy 2028-nji ýylyň ahyryna çenli dowam edýär.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo