Messi Alžir bilen bolan oýunda het-trik etdi we dünýä çempionatlarynyň taryhynda iň netijeli oýunçy boldy

MilliInfo

17 Iýun, 2026

Messi Alžir bilen bolan oýunda het-trik etdi we dünýä çempionatlarynyň taryhynda iň netijeli oýunçy boldy

Argentinanyň milli ýygyndysy futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň birinji duşuşygynda Alžiri 3:0 hasabynda ynamly ýeňdi. ABŞ-nyň Kanzas-Siti şäherinde geçirilen oýunda gollaryň üçüsini hem Lionel Messi (17, 60 we 76-njy minutlar) öz adyna ýazdyrdy.

Indi 38 ýaşly Messiniň dünýä çempionatlarynda uran gollarynyň sany 16-a ýetdi. Şunlukda, Leo bu görkeziji boýunça germaniýaly meşhur hüjümçi Miroslaw Kloze bilen deňleşdi.

Häzirki wagtda Messi we Kloze dünýä çempionatlarynyň taryhyndaky iň köp gol uran futbolçylar bolup durýarlar. Diňe bir oýnuň dowamynda Lionel birbada birnäçe rowaýaty oýunçylardan — Žýust Fontenden (Fransiýa, 13), Kilian Mbappeden (Fransiýa, 14), Gerd Mýullerden (Germaniýa, 14) we Ronaldodan (Braziliýa, 15) öňe geçmegi başardy.

Bu duşuşyk Messi üçin Argentinanyň ýygyndysynyň düzümindäki 200-nji, dünýä çempionatlaryndaky bolsa 27-nji oýun hökmünde hasaba alyndy.

Lioneliň iň netijeli oýunçylaryň sanawynda ýeke-täk lider bolmaga doly mümkinçiligi bar. Toparçalaýyn tapgyryň çäginde Argentinanyň milli ýygyndysy Awstriýa (22.06) we Iordaniýa (28.06) bilen güýç synaşar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info