Messi karýerasyndaky 49-njy kubogyny gazandy

MilliInfo

17 Sentýabr, 2026

Messi karýerasyndaky 49-njy kubogyny gazandy

Lionel Messi «Inter Maýaminiň» düzüminde 100-nji goluny geçirip, karýerasyndaky 49-njy kubogyny gazandy.

ABŞ-nyň we Kanadanyň «MLS» futbol ligasynyň çempiony bilen Meksikanyň «Liga MX» ýaryşynyň ýeňijisiniň arasynda geçirilýän «Kampiones» kubogynyň eýesi belli boldy. Bu duşuşykda «MLS-iň» wekili «Inter Maýami» «Krus Asuly» 2:0 hasabynda ýeňdi.

Duşuşykda «Inter Maýaminiň» gollaryny Lionel Messi (24-nji minutda) we Kazemiro (81-nji minutda) geçirdi. Braziliýaly futbolçy öz goluny Messiniň assistinden soň derwezä gönükdirdi.

Messi «Inter Maýaminiň» düzüminde 115-nji duşuşygynda 100-nji goluny tora gönükdirdi. Mundan başga-da, indi argentinaly futbolçynyň hasabynda 58 assistlik bar.

«Kampiones» kubogy Messiniň futbol karýerasyndaky 49-njy toparlaýyn kubok boldy. Şeýlelikde, argentinaly futbolçy futbolyň taryhynda gazanylan toparlaýyn baýraklarynyň sany boýunça dünýä rekordyny täzeledi.

Messi «Barselona» bilen 35, Argentinanyň milli ýygyndysynda 6, «Inter Maýami» bilen 5, «Pari Sen-Žermeniň» düzüminde bolsa 3 kubok gazandy.

Mundan başga-da, Messi karýerasynda geçiren gollarynyň sany boýunça Kriştianu Ronaldudan 50 gol yzda. 39 ýaşly argentinaly hüjümçiniň hasabynda 929 gol, 41 ýaşly portugaliýaly futbolçynyň hasabynda bolsa 979 gol bar.

Şol bir wagtyň özünde Messi Ronaldudan 162 duşuşyk az oýnady.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info