Messiniň Argentinanyň ýygyndysyndaky 20 ýyllyk karýerasy onuň golýazma haty bilen tamamlandy. Meşhur ýyldyz Instagramda öz eli bilen ýazan üç sahypalyk hatyny paýlaşdy.
«Men elmydama milli ýygyndy üçin ähli güýjümi gaýgyrmadym. Indi bolsa oňa berip biljek zadym galmady. Yzymdan gelýän zehinli ýaşlara hem özlerini görkezmäge mümkinçilik bermeli» diýip, Messi ýazdy.
2005-nji ýylda 18 ýaşynda ilkinji gezek meýdana çykan Messi şol oýunda bary-ýogy 47 sekuntdan soň gyzyl kart alypdy. Şol gün hiç kim bu oglanyň bir gün Argentina bilen Amerikanyň Kubogyny we dünýä çempionlygyny gazanjakdygyny göz öňüne-de getirmeýärdi.
Ýeri gelende bellesek, meşhur Lionel Messi ABŞ-nyň Nýu-Jersi ştatynyň Ist-Raterford şäherindäki «Metlaýf» stadionyndaky agyr ýeňlişlerden soň Argentinanyň milli ýygyndysyndaky karyerasyny iki gezek tamamlady.
Mundan ozal, Messi 2016-njy ýylda Amerikanyň Kubogynyň finalynda toparynyň ýeňilmeginden soň ýygyndydan gidýändigini yglan edipdi. Şonda Argentina Çiliden asgyn gelipdi (0:0, penaltiler boýunça 2:4), Messi bolsa «Metlaýfdaky» oýundan soňky 11 metrlik jerime urgusyny (penaltini) dürs urup bilmändi. 10 ýyl geçensoň, argentinaly ýyldyz milli ýygyndydan doly gitmek kararyna geldi. Şunda hüjümçiniň iň soňky duşuşygy şol bir stadionda, ýöne eýýäm 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň final oýnunda boldy. Finalda Argentina goşmaça wagtda Ispaniýadan 0:1 hasabynda ýeňildi.
Messi Argentinanyň milli ýygyndysynyň düzüminde 2022-nji ýylyň dünýä çempiony, 2021-nji we 2024-nji ýyllaryň Amerikanyň Kubogynyň eýesi, 2022-nji ýylyň Finalissimasynyň ýeňijisi hem-de 2008-nji ýylyň olimpiýa çempiony boldy.
Şu ýyl beýik futbolçynyň kakasy Horje Messiniň aradan çykmagy Leo üçin iň agyr ýitgileriň biri boldy. Ol kakasynyň ölüminden soň ýygyndy topary terk etmek kararyna has-da ynanandygyny aýtdy.
Şeýlelikde, 18 ýaşda başlan rowaýatyň soňky nokady ýyldyzyň golýazma haty bilen goýulýar.
