Messimi ýa Ronaldu: Hemilton bularyň haýsyny saýlaýar?

MilliInfo

«Ferrariniň» dünýäniň ýedi gezek çempiony bolmagy başaran sürüjisi Lýuis Hemilton «Formula-1» hem-de futbol boýunça blis sowallara jogap berdi.  

— Halaýan futbolçyňyz?
— Winisius we Neýmar.

— Messimi ýa Ronaldu?
— Maňa şu sowaly katy kän berýärler. Elbetde, maňa Messiniň ussatlygy ýaraýar.

— Taryhda iň beýik «Formula-1» sürüjisi?
— Senna.

— Haçan hem bolsa bir wagt siziň bilen ýaryşan sürüjileriň iň gowusy?
— Muny aýtmak agyr. Men Sebastýan Fetteli atlandyrardym.

— Halaýan ýaryş ugruňyz?
— Silwerstoun.

Ýeri gelende ýatlasak, häzirki wagtda Hemilton «Ferrari» toparyndaky ilkinji möwsümini geçirýär. Ol häzirlikçe ýekeje gezek hem italýan toparynyň düzüminde hormat münberine çykmady, emma Hytaý Gran-prisiniň sprinter ýaryşynda gazanan ýeňşi bilen netijeleriniň sanyny artdyrdy.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo