Messiniň bu dünýä çempionatyndaky futbol köýnekçesi hem beýlekileriňkiden üýtgeşik. Onuň köýneginde ýörite belgileriň dördüsi bar. Geliň, olaryň her biriniň manysyna aýratynlykda seredip geçeliň:
Köýnekçäniň sag ýeňinde futbolçynyň Dünýä çempionaty – 2026-nyň gatnaşyjysydygyny alamatlandyrýan nyşan bar. Şeýle belligi ýaryşyň her bir oýunçysynda görmek bolýar.
Şol ýerdäki «Miras» belligi — bu bäş we şondan köp dünýä çempionatyna gatnaşan futbolçylar üçin niýetlenendir.
Köýnekçäniň gursagynda bolsa futbolçynyň «Häzirki çempiondygyny» alamatlandyrýan bellik bolup, bu nyşany Argentinanyň ýygyndysynyň ählis agzasy göterýär.
Messiniň çep ýeňinde bolsa iň ähmiýetli, ýöne görünmeýän belgi bar. Ol kapitanlyk daňysynyň aşagynda ýerleşýär: «Altyn pökgi» nyşany geçen dünýä çempionatynyň iň gowy oýunçysy hökmünde berlen ýörite bellikdir.
