Tebigy gaz ylmy-barlag institutyna LDAR boýunça öňdebaryjy tehnologiýalar berildi

MilliInfo

19 Oktýabr, 2026

Tebigy gaz ylmy-barlag institutyna LDAR boýunça öňdebaryjy tehnologiýalar berildi

«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň binasynda häzirki zaman ýokary tehnologiýaly LDAR (metan syzmalaryny ýüze çykarmak we düzetmek) enjamlaryny resmi taýdan gowşurmak dabarasy geçirildi.

Bu çäre Ýewropa Bileleşiginiň «Ýewropa Bileleşigi (ÝB) Türkmenistanyň ýaşyl ösüşi üçin: 2024–2029-nji ýyllar üçin syýasy dialog we howanyň üýtgemegi boýunça hereketler» taslamasynyň çäklerinde guraldy. Taslama Ýewropa Bileleşigi we Germaniýanyň Federal Daşary işler edarasy tarapyndan bilelikde maliýeleşdirilýär hem-de «Deutsche Gesellschaft für Internationale Zusammenarbeit (GIZ) GmbH» tarapyndan durmuşa geçirilýär.

Çärä Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi hanym Petra Dahtler, Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasynyň başlygynyň orunbasary jenap Madalinskiý, «Türkmengaz» döwlet konserniniň, Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň ýolbaşçylary we hünärmenleri, şeýle hem halkara guramalaryň wekilleri gatnaşdylar.

Enjamlaryň gowşurylmagy Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň, «Türkmengaz» döwlet konserniniň hem-de GIZ-iň arasynda gol çekilen Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnamanyň durmuşa geçirilmeginiň çäklerinde amala aşyrylýan işleriň möhüm amaly ädimleriniň biri boldy.

Geçen ýyl institutyň binýadynda maglumatlary toplamak, işläp taýýarlamak we seljermek üçin zerur bolan sanly we seljeriş binýadyny döreden Maglumat-seljeriş merkezi üstünlikli işe girizildi.

Häzirki tapgyr bu işleriň logiki dowamy bolup, taslamanyň çäklerinde öňdebaryjy öndürijileriň biri bolan «SENSIA Solutions» kompaniýasy tarapyndan öndürilen ýokary tehnologiýaly LDAR enjamlary berilýär. Bu enjamlar önümçilik desgalarynda gaz syzmalaryny hakyky wagt düzgüninde wizual görnüşde görkezmek we olary ýokary takyklyk bilen ýüze çykarmak üçin niýetlenendir.

LDAR tehnologiýasynyň ornaşdyrylmagy iki ugur boýunça oňyn netije berýär:

  • Ekologik taýdan: Syzmalaryň öz wagtynda ýüze çykarylmagy Türkmenistanyň Metan boýunça Ählumumy borçnamasynyň (Global Methane Pledge) we Pariž ylalaşygynyň çäklerindäki borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegine gönüden-göni ýardam berýär.

  • Ykdysady taýdan: Tebigy gazyň ýitgisiniň öňüni almak gymmatly çig mal serişdeleriniň tygşytly peýdalanylmagyny üpjün edýär we gaz desgalarynda önümçilik howpsuzlygyny ýokarlandyrýar.

Çäräniň çäklerinde «Türkmengaz» döwlet konserniniň we Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň hünärmenleri üçin niýetlenen ýöriteleşdirilen üç günlük okuw sapaklaryna hem badalga berildi.

Okuw maksatnamasy nazaryýet sapaklaryny, ýöriteleşdirilen programma üpjünçiligi bilen işlemegi, şeýle hem Şatlyk şäherindäki «Gündogargazakdyryş» müdirliginiň desgalarynda meýdan şertlerinde amaly başarnyklary kämilleşdirmek boýunça okuwlary öz içine alýar.

«Öňdebaryjy LDAR enjamlarynyň ornaşdyrylmagy — bu biziň Maglumat-seljeriş merkezimiziň seljeriş işlerini önümçilikde amala aşyrylýan anyk çäreler bilen baglanyşdyrýan örän möhüm amaly ädimdir. Bu tehnologiýalar diňe bir gözegçiligiň takyklygyny ýokarlandyrmaga we howany daşky gurşawy goramaga, şeýle hem howanyň üýtgemegi boýunça borçnamalarymyzy ýerine ýetirmäge ýardam bermän, eýsem, gymmatly tebigy gazyň ýitgilerini azaltmaga, Türkmenistanyň energetika pudagynyň durnukly we howpsuz ösüşini üpjün etmäge hem mümkinçilik berer» — diýip, GIZ-iň maksatnamasynyň ýolbaşçysy doktor Karolina Milow belledi.

«Türkmenistanyň ýaşyl ösüşi üçin» taslamasynyň çäklerinde alnyp barylýan bilelikdäki işler metan zyňyndylaryny azaltmaga, milli hünärmenleriň ylmy-tehniki mümkinçiliklerini pugtalandyrmaga we mundan beýläk-de sebitde «ýaşyl» özgertmeleri öňe sürmäge ýardam berer.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info